Maňlaýyň gara bolsa el bilen düzeldip bolmaz ekeni (bolan waka)

Ogulbagt gelneje bu gün dünýede iň bagtly zenandy.
Ol ýoldaşy bilen 12 ýyl ýaşaşyp, bu ýyllarda perzent zaryn bile çekip, bu gün doganoglan eltisiniň razylygy bilen onyň çagasyn ogullyk alypdy

Olar üç günlik bolan çagany çaga dogulýan öýinden göni öz öýine alyp gaýdylar.
Bäbek gelen güni uly edip pişme toý etdiler,süýji köke paýlap, halat serpaý ýapdylar
Çagany ogullyk alansoňlar, ene süýdünden kesdiler we "nan " gury süýt önümine geçdiler
Çagany ogulllyk berensoň onyň hak ejesi körpäni görmäge gelmedi
Ogullyk berensoň çagadan el çekmelidi
Ine şeýdip Ogulbagt gelneje hem il hataryna goşyldy.
Ol oguljygyna Serdar diýip at goýdy. Serdarjygyň öži hem şadyýanjady,gowjady

Aý gün geçip durdy. Ogulbagt gelneje bu bäbegi alan güninden başlap gözi hassahandan açylmady. Hiç çaga eýikmedi, özini tutmady
Ol bir gün öýde bolsa, 10 gün hassahanada bejergide bolýardy
Çaga ýarawsyzlyk sebapli çaga hiç hili keseliň öňini alyş sanjymlarny alyp bilmedi. Çaga gaty gowşakdy
Çaga beýleki çagalar ýaly ösenokdy
Ogulbagt gelneje Serdarjygy görkezmedik lukmany, aýlamadyk öwülýasy, mollasy müftüsi galmady, netijesi şo bir bolyşdy
Belli bir kesel diýip hem görkezmediler, çagaň ýagdaýyn doly düşündirmediler

Şeýdip çaga ýaşyna golaýlaşdy.Onyň bilsa bir bolşydy. Bir ýaşan çaga aýaklanar ,ýörejek bolar, ýapyşyp turar, emma Serdarjygyň bolsa ýerinden hem galasy gelenokdy, myryljyrap, myltaryp ýatyrdy, hiç süňki berk däldi.Atylan ok şuňa degýä diýilşi ýaly, her bir kesel hem gelip şuňa degýardi, gözi däri dermandan açylmady
Ahyr netije bermänsoň ene mähri ylmy kliniki merkezine äkitdiler. O taýda bir aýa golaý ýatymlaýyn bejergi alyp geldi
Çagada ýene üýtgeşme ýokdy
Ogulbagt gelneje hassahandan berlen kagyza seredip, lukmanlar name ýazdyka diýip düşünse düşünmese içinden okap başlady

Kliniki kesgitlemek:
Çaga serebral ysmazy.
Spastiki tetraparez. Akyl taýdan we hereket taýdan yza galma

Bagly: Ýiti respirator wirus ýokanjy.
Ýiti laringotraheit. Stenoz 1-nji dereje. Distrafiýa. Gipotrafiýa görnüşi 1-nji dereje

Arzy: akyl we hereket taýdan yza galýar: otyranok, duranok, ýuwdunmasy kynlaşan, işdäsi pes, üsgürýar, sesi gyryk, gyzdyrýar

Anambezinden: Çaga ogullyk alnan,doly anamnezi ýygnap bolmady.
Irki ösüşümiz yza galma bilen. Kellesini 6- aýda saklap başlady.
Goşmaça iýmit 7- aýda berildi.
Öňini alyş sanjymlary doly almady.
Allergiýasy ýok.
Maşgala anamnezi rahat

Status preasens:

Çaganyň umumy ýagdaýy orta agyrlykda.
Beden gurluşy normostenik.
Deri örtügi, nemli bardalar, arassa, solak renkde, örgün ýok. Badam mäzleri giperemirlenen.
Demi burnyndan kynlaşyp alýar. Öýkeninde gaty ses alyş, gury ýaýraň hyžžyrdylar eşidilýär. Ýürek urşy kadada. Ýürek tonlary ritmiki. Ýüregiň çäkleri giňelmedik. Garny ýumşak, palpassiýa agyrsyz. Bagyr, dalak ulalmadyk. Peşewi kadaly. Täreti özbaşdak

Nerw ulgamy:
huşunda, aňy pes. Göreçler d=s,deň iki taraplaýyn. Fotoreaksiýa saklanan.Dili orta çyzykdan agyz boşlugynda. Myşsalaryň alamatlary D=S,ýokarlanan
Siňňir refleksleri el aýakda D=S ýokarlanan.
Meningeal alamatlary (Kerniga, Brudzinskiý, ýeňse myşşasyň çekmegi) ýok.
Patologiki refleksler (Babinskiý, Rossolimo) položitel.
Kelle ölçegi 48 sm
Kelle beýni çanaklhk nerwleri doly göwrümde, nistagmy, ptoz ýok, konwergensiýa saklanan, görejiň ýagtylygy duýuşy bar, strabizm ýok, ýuwdunmasy bozulan eşidişi kadaly, fonasiýa sesi gyryk

Ogulbagt gelnejäň gözinden ajy göz ýaşlar sessiz sil dek akýardy.
Diläp diläp ýetenje alan oguljygynyň geljekki durmyşy göz öňine getirmekden gorkýardy
Çagajyklar nämeüçin beýle dogulýarka,kösenmek üçinmi, öz deňi duşynyň ýanynda kemsinmek üçinmi, ol oguljygyny bagryna basdy we içinden
" balam sen nähili bolaý, meniň oglymsyň,men bu dünýaden ötinjäm adam çagasyna seni kemsitmäge ýol bermen " - diýip oglyny mäkäm gysdy.....

Bellik

Çaganyň hassahanada ýatan kagyzyn okap etrap inçe hünärmelerine gitmegini we çagany maýyplyga hödürlemegini düşundirildi
Ogulbagt gelnejä bolsa oguljygyna Alla şypasyn bersin, giň bol diýesim gelýar

Näsag çagajyklar inmesin dünýä
Ählije çagalar sagdynja bolsun
Olara beriljek derdi belany
Allajan daglara düzlere zyňsyn

~~soňy~~

Edebiýat, Aakjaa tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir