Söýgi – iki ynsanyň bir tende bolmagy, bir howadan dem almagy, bir dilde gürlemegi, ýürekleriň bir ritmde urmagy, sözsüz bir bakyşda düşünmegidir.
Söýgi – geçmişiňi unudup, bagtly geljegiňe seretmek.
Söýgi – ony bagtly etmek maksady bilen ýaşamak.
Söýgi – ony bolşy ýaly kabul etmek, kemçiliginde-de artykmaçlyk görmek.
Söýgi – gijelerine ýatyp bilmän, jaň edip birek-biregiň sesine süýji uka batmak.
Söýgi – näzinden lezzet almak.
Söýgi – ynam, sylag, sözüňi hereketde görkezmek.
Söýgi – onuň ýüreginiň päkligine gaýtadan aşyk bolmak üçin, kilometrleri millimetr, ýyllary sekunt edip garaşmak.
Söýgi – oňa her pursatda aşyk bolmak.
Söýgi – onsuz ýekeje güniňi hem göz öňüne getirip bilmezlik.
Söýgi – keşbine däl, bakyşyna däl, gülşine däl, sesine däl, näzine däl, özüne aşyk bolmak! Dünýäsine aşyk bolmak!
Söýgi – duýgularyňy setire sygdyryp bilmezlik.

Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir