* * *
...Ellinji ýyllaryň aýaklarynda kolhozçylar täze posýologa çykdylar. Peleň awçynyň köne ýurdunda, indi ejesinem ajala aldyryp, ýeke özi ýaşap ýören Zerkäkilede Omar daýysy öz ýanyndan ýer alyp berdi. Osman ikisi oňa bir özi girip çykar ýaly kiçiräjik, täze tipli, polly-potolokly, üsti şiferli jaýam salyp berdiler. Oba guramalaryndan haýyş edip, birden gaýdyp geläýse dagy diýen umyt bilen Gökbörä-de Zerkäkiliňki bilen ýanaşyk mellek alyp goýdular.
Aralarynyň golaý düşmegi Zerkäkili Annuşka bilen ýene-de ysnyşdyrdy. Iň bolmanda agşamaralaryna ol ikisi duşuşyp, gürleşip, derdinişip bilýärdiler.
Eýýäm üç-dört çaganyň enesi bolan Annuşka indi Zerkäkil bilen arkaýyn türkmençe gepleşip, düşünişip bilýärdi.
On ýyl bäri «gideýin, geleýin, gitjek, goýjak» diýip, gyzynyňam, giýewiniňem halys bizar-peteňlerini çykaran Roza, ahyry olary yrdy. Handurdynyňka gidip, onuň bilen ýörite hoşlaşyp geldi. Men indi seniň hakykatdanam Watanyňy küýsäp gaýdanyňy bildim. Düşündim. Çünki, men özümem hut şol güne düşdüm. Çölem bolsa, tokaýam bolsa şol ýurt meni çagyrýa, esasanam çagalygymyň geçen ýerleri düýşüme girip goýanok. Şonuň üçin, gitsemem öňki ýerimde-hä ýaşabilmen. Ojagaz jaýymy sataryn-da, çagalygymyň geçen ýerine ― Irkurtskä giderin. Ýöne, senden tapawutly ýerim ― gaçyp gidemok. Gaýdyp gelmenem diýemok. Nesibedir.
...Roza Handurdynyň özi bilenem, aýaly bilenem, indi ese-boýa galan çagalary bilenem, gujaklaşyp, mähribanlarça hoşlaşdy.
Annuşka welin ejesini goýbermejek bolup kän dyzady. Aglady. Eňredi. Boýnundan, egninden aslyşdy. Ahyram agzyndan: «Bor gyzym, jaýymy satyp onsoň geleýin» diýen sözi alyp goýberdi.
...Iki aýdan soň ondan hat geldi. Ol öz hatynda jaýyny satyp Irkutskä gidendigini, köne garyndaşlaryny, tanyş-bilişlerini görendigini, şol ýerde düşeginiň ýumşaýmagynyňam ahmaldygyny, ýöne, gaýdyp baraýmak hyýalynyň göwnünde ýok däldigini, agtyklaryny göresiniň gelip, ýüreginiň üzülip barýandygyny ýazýardy. Guda garyndaşlaryny, Handurdyny, oba adamlaryny, esasanam Zerkäkiliň ýagdaýlaryny soraýardy.
Emma ol barybir gaýdyp gelmedi. Ýüregi düşüşdimi ýa aýralyga öwrenişdimi soňabaka hatda hat ýazmasynam seýrekletdi.
Annuşka-da özüniň täze öýi, täze obasy bilen öwrenişdi. Türkmen dilini suwara öwrenip, milli eşige-de girensoň-a, ony ýerli gyzlardan tapawutlandyrar ýalam bolmady. Kakasy bilen ýakyn aragatnaşykda boldy. Resminama doldurmaly bolanda: «milleti» diýen ýerine «türkmen» diýip ýazdy. Pasportyna-da şeý diýip ýazdyrdy. «Kimiň gyzy» diýip sorasalar, Handurdynyň gyzy diýdi. Adyň näme diýseler: «Annagül» diýdi.
...Indi baş gahrymanymyz Zerkäkiliň halyndan habar alsak, o-da az-kem giňedi. «On bäş ýylyny garaşyp geçirdim, galan on ýylynam geçirin» diýmäni gowy görýär. Aman-esen şol ýyllary geçirjekdigine ynanýar.
Altmyşynjy ýyllaryň başynda Lagerleriň döwlet tarapyndan dolandyrylýan uprawleniýesiniň ýatyrylyp, Jenaýatkärleri düzediş dolandyryşyna öwrülmegi bilen köp zat üýtgedi. Iň bärkisi telim ýyl bäri sesi-üýni çykman ýören Gökböriden hat gelip ugrady. Zerkäkil muňa hamala Gökböri boşap gelençe boldy. Göwnüni götermek üçin, kakasyndan başgalaryň sag-aman girip-çykyp ýörendiklerini ýazdy. Iberen goşgularynyň gowşandygyny ýa gowuşmandygyny sorady. Gowuşmandygyny eşidibem, indiki hatynda: «Hiç, başga goşup iberäýerin. Men indi oňa ökdeledim...» diýip, ýazdy.
...Şol döwürler oba hojalygy urşuň salan kynçylyklaryndan mazaly aýňalyberipdi. Hatda täze pul çykarylyp, şol wagta çenli «Zähmet gün» düzgüni boýunça işläp gelýän kolhozçylara aýlyk berilip ugrapdy.
Şonuň üçin, Zerkäkil indi Gökbörä ýeke bir iýr-iýmiş däl, eýsem dükanlardan, bazardan satyn alyp, ýyly geýim-gejimlerem, şolaryň jübülerine salyp puljagazam iberip bilýärdi.
Oba hojalygy maşyn-traktor, her hili enjamlar bilenem belli bir derejede üpjün edilýärdi. Pagtany pagta bazarlaryna arabaly, majarly, hatda düýeli çekmeklik dagy daýhanlara ýat bolupdy.
Şeýle-de bolsa, Zerkäkilleriň obasynda bir ýerde, kolhozyň bagynda we bakjaçylyk brigadasynda, bir atlyk araba ulanylýardy.
Günlerde bir gün bagyň brigadiri gelip Zerkäkile:
― Şu gün baga baryp, arabakeş Pirli aga miwe ýygyşmalysyň ýene-de üç gyzyň kömege barjakdyr ― diýdi.
Pirli aga her gün diýen ýaly arabasyny miwelerden, gawundyr-garpyz ýaly bakja ekinlerden mas ýükläp, oba äkiderdi we köçeme-köçe aýlanyp, hojalyklara arzan bahadan satardy. Juda artyk gelse ertesi irden gidip, şäher bazaryna çykaraýmasam ýok däldi.
Gidişin-ä gyzlaryň hersi öýli-öýlerinden çykyp, garagörnüm ýerde ýerleşýän baga pyýada bardylar. Gaýdyşynam şeýtjekdiler. Emma arabakeş Pirli aganyň olary beýdip goýberesi gelmedi. «Ýadansyňyz, iň bolmanda, obaň çetine çenli bir äkideýin» diýdi-de, içi miweli tagta gapyrjaklary eýläk-beýläk süýşürişdirip, gyzlar oturar ýaly ýer etdi. Gowy jaýlaşansoň, özem ornuna geçdi-de, gamçysyny bulap goýberdi.
― Çü-üýf...
Bagdan çykybereniňde iki tarapam şora bilen ýandakdan doly kiçiräjik salma bardy. Şol wagta onuň içinde suw ýokdam welin, bolaýanda-da, bagyň ileri ýüzündäki bakjaçylyga Pirli aga özüniň ýeke at goşulan arabasy bilen gyşyn-ýazyn ýükl-u-ýüksiz, hem eýläk, hem beýläk, hiç bir kynçylyksyz geçer ýörerdi.
Emma nätjek? «Boljak işe çäre ýok» diýenleri. Ýogsam ýabam-a bir sähel zatdan ürküp, çarpaýa galyp duran janawar däl.
Ol boýnuny sallap ýapdan geçdem welin, edil, ýerden çykan ýaly bolup, bir ganjygyň yzyna düşüp ýören, üç sany, ululy-kiçili, akly-garaly it peýda boldy. Olar arabadan ürkdilermi ýa olary görüp ýalta ýabynyň huşy başyndan uçdumy, turdy bir topalaň. Itler-ä «alawagyrdy» bolşup, arabanyň aşagyna doldular. Bir-ä derrew «waňkyryp» çykdy-da, özüni ýabynyň üstüne zyňdy. Şo-da ýalta ýaba ýeterlik boldy. Bir silkende arabany ilki çepe, soňam saga zyňdy. Araba gyşarylyp, ýabyň raýyşyna ýaplandy-da, soň ýene dikeldi. Içi miweli gapyrjaklar dumly-duşa pytrady. Içindäki miweler döküldi. Gyzlaryň hersi bir ýana zyňyldy. Pirli aga aýagynyň üstüne dik düşdimi nämemi, badyny saklap bilmän, esli ýere barýança gamçysyny çommaldyp, «tüwdürilip» gitdi. Ýöne döwülen-ýenjilen ýeri bolmady. Käbir ýerleriniň sypjyrylandygyny käbir ýerleriniňem çalarak agyrandygyny hasap etmeseň, gyzlaryňam Zerkäkilden öňňesi o beladan sag-aman sypdy. Zerkäkil bolsa arabanyň aşagyna düşdi. Ýaňadandan bat alan arabanyň daşy demir gurşawly tigri ejizje göwräniň oňurgasyndan ýöräp geçdi. Şol wagt aýal-gyzlaryň günortan çaý içen käselerini bilguşaklaryna orap, billerine daňmak edähetleri bardy. Iň ýamanam ana, şol käse oňurga bilen tigriň aralygynda galdy.
Ýaby arabany alyb-a gaçmady. Ho-ol ýere bardy-da, eden işine ökünýän ýaly ýüzüni sallap duruberdi. Arasynda birki ýola dagy gaňrylyp, hereketsiz ýatan Zerkäkile seretdi.
Gyzyň ýatyşy iňňän gözgynydy. Ol hatda çabalanybam, «hyk-çok» edibem bilmeýärdi.
Onuň bu bolup ýatyşyny görüp, beýleki gyzlar erbet gorkdular.
Pirli aga olardanam beter gorkdy.
Ol derrew arabany aýlap, Zerkäkiliň ýanyna getirdi. Içinde gaçman galan zatlaram aýryşdyrdy. Daş-töwerekden gökmi, gurymy, eline ilenje ot-çöplerini arabanyň içine atyşdyrdy. Gyzlaram şeýtdiler. Guşaklaryna, ýaglyklaryna çenli çözüp, arabanyň içine ýazdylar. Soňam iňňän seresaplyk bilen Zerkäkili şol zatlaryň üstüne ýatyrdylar. Pirli aga ýerine geçensoň, gyzlara:
― Men şähere gitdim. Doktora. Siz şu ýerden göni kontura baryň-da, guramalardan kim bolsa, bolan işi aýdyň... ― diýdi.
...Ol Zerkäkili ynjytmazlyk üçin arabany gatam sürmedi. Onçakly ýuwaşam gitmedi. Iş wagty gutaryberende şäher hassahanasynyň howlusyna girdi.
Arabanyň içinde ýatan hassa gözleri düşenden hekimlerdir şepagat uýalarynyň barysy bardy çozup.
Göz açyp-ýumasy salymyň içinde gyzy zemmere ýükläp, binanyň içine saldylar. Derhal rentgenden geçirdiler. Öýüne ugrajak bolup duranlaram eşiklerini çykaryşyp haýdan-haý işe girişdiler. Eýýämhaçan öýüne gidenleri jaň edip yzyna çagyrdylar, yzlaryndan maşyn iberdiler. Gyssagly suratda edilen analizleriň, rentgenleriň esasynda maslahat geçirdiler. Operasiýa etmelimi ýa dälmi, diýen soragyň üstünde kelle döwdüler. Ahyram ýaranyň agyrlygyny, ýerli enjamlaryň beýle operasiýany amala aşyrardan ejizdigini göz öňüne tutup, Aşgabatdan samolýot çagyrmaly, diýen netijä geldiler. Şeýle hem etdiler.
Şol gijäniň özünde Aşgabatdan «dikuçar» gelip, Zerkäkili alyp gitdi.
Bu gezegem onuň ýany bilen iň ýakyn hossary hökmünde Omar gitdi. Gyzlar oba habar ýetirenden, ol golaý goňşusy mekdepde mugallym bolup işleýän Berdi okudyjydan özüni motosikli bilen şähere taşlamaklygy haýyş edipdi we tä «dikuçar» gelýänçä Zerkäkiliň başujuny alyp oturypdy. «Öňki gören jebir-jepalaryň, çeken hupbatlaryň azmydy, munyň näme diýsene... Beýderi ýaly seň Hudaýyň öňünde näme günäň bar, jan ýegençim...» diýip, hamsygdy.
Ol muny tas, içinden aýdanam bolsa ýa eşitdi ýa-da duýdy, Zerkäkil şol derde uçraly bäri şonda ilkinji gezek dillendi.
― Beý diýme, Omar daýy. Hudaýdan nägile bolma. Ölmän galanyma şükür... Böri bilen görüşmäne mümkinçilik goýanyna şükür. Men ondan razy...
...Şondan soň ol tä Aşgabada gelýänçä dilinem ýarmady, gözünem açmady.
Ol ýerde-de Omara onuň ýagdaýynyň öwerlikli däldigini aýtdylar. Şol mesele boýunça topar yzyna topar döretdiler. Moskwadan ökde wraçlary çagyryp, has giňişleýin maslahatlaram etdiler. Emma, oňyn bir netijä gelip bilmediler.
Daşary ýurtlaryň birinde şeýle syrkawy bejerip boljak hekimem, däri-dermanam, gerekli enjamlaram barmyşyn, ýöne, çykdajysy ulumyşyn, onda-da gyzyl pul bilen hasaplaşmalymyşyn. Onça pul bolsa syrkawyň öz-ä beýle-de dursun, çynmy, ýalanmy, belli däl welin, hatda hökümetiň özünde-de ýokmuşyn.
Ahyram: «Bejergä degişli däl» diýen netijä geldiler. «Ömürlik maýyp» diýen anyklama goýdular.
Şeýle-de bolsa Zerkäkili baran ýerinde inçe tama bilen ýene üç ýyl sakladylar. Türkmen-sowet medisinasynda açyş etmek, üstünlik gazanmak umydy bilen, hertaraplaýyn barlaglar geçirdiler, synaglar alyp bardylar, hatda hem gündogar, hem günbatar halk medisinasynam ulanyp gördüler. Emma oňyn netije alyp bilmediler. Özleri ýadap, özleri goýdular. Üç ýyldan soň, iň bolmanda, galan ömrüni bir rahat, açyk howaly ýerde geçirsin, arassa howadan dem alsyn, diýen niýet bilen, Pöwrizedäki sagaldyş sanatoriýalarynyň birine geçirdiler.
Ol ýerde-de ökde hekimleriň gözegçiliginde iki ýyl ýatansoň, ondan:
― Öý şertinde sereder ýaly hossaryň barmy ― diýip, soradylar.
Zerkäkil uludan demini aldy-da:
― Bar, ýöne ol örän uzakda ― diýdi.
― Eýle bolsa, biz seni hemişelik şu ýerde, döwletiň garamagynda galdyrmaly borus... ― diýdiler.
Zerkäkil başyny ýaýkap, kiçijik ganatlaryny galkyjaklatdy. Öňkülerine düýbünden meňzemeýän garamtyl dodaklaryny çommaltdy.
― Ýok, ýok! Bolmajak bolsa meni bu ýerde mundan artyk saklamaň. Basym hossarym gelmeli. Ýatan ýerimde bolsa-da men ony garşy almaly. Oňa çenli maňa garyndaşlarym serederler. Obamam sereder. Olaryň hemmesi meniň hossarlarym...
― Onda, ýakyn günlerde şolaryň haýsy gelse-de, bizi görmän gitmesin.
Dodaklar bu gezek has uzyn çommaldy.
― Bo-o-or...
Ýakyn hossar hökmünde hekimleriň ýanyna Omar girdi. Ol öz ýegençisini bu ýerde hemişelik galdyrmajakdygyny, alyp gitmäge taýyndygyny aýtdy.
...Getirendäkileri ýaly Zerkäkili äkidenlerinde-de dikuçar bilen alyp gitdiler. Raýon hassahanasyndan oba çenli bolsa «tiz kömek» gitdi. Oňa üstünde hem ýatar ýaly, hem dik oturar ýaly, öýe salyp, daş çykarmak amatly bolan tigirçekli, arkasy galyp düşýän, ýaýjykly krowadam berdiler.
Omar ýegençisini öz jaýlarynyň birine saljak boldy. Emma, Zerkäkil oňa göwnemedi. «Öz öýümde bolaýyn. Birden, Böri geläýse dagy öňünde bolaýyn ― diýdi. Görme-görşe ilki bolup Annuşka geldi. Zerkäkili gujaklady. Ogşady. Tiz wagtdan kiçijik öýüň içi-daşy adamdan, çaga-çugadan doldy.
Güýzüň güni bolsa-da entek howa maýyldy. Şeýle-de bolsa, Osman derhal peç gurdy. «Basym gyşam düşer, goý, taýyn bolup dursun...»
Gelen gününden başlap, Zerkäkiliň nahar-şor, çaý-suwuna-ha Annuşka seredip başlady. Asyl, goňşy-golamlar her gezek üýtgeşik bir zatjagaz bişirseler dadymlyk diýip, bir okarajyk çagalaryndan iberdiler durdular. Sygyrlary guzlaýsa dagy, obanyň o çetinde bolsalaram bir käsejik «owuz süýt» getirip bermäge ýaltanmadylar.
Hajat üçinem obada ärini, öýlenmedik iki ogluny urşa aldyryp, ýeke özi oturan, altmyş ýaşlaryndaky çal saçly garaýagyz, gözleri ýanyp duran süňňi sagat Mähri daýzany eneke tutundy. Öňem ýeke özi içi gysyp oturan daýza muňa örän begendi. Kem-kemden öwrenişdi-de, asyl ýanyndanam aýrylmady. Gürrüňçil bolansoň Zerkäkilem oňa tiz öwrenişdi.
Annuşka mekdep direktoryndan haýyş edip, hasapdan çykarylan bir stol bilen iki sany oturgyç aldy. Kem-käs ýerlerini mekdebiň ussasy Meret ussa bejertdi. Reňkletdi. Gowy guransoňam ýalpyldadyp getirip, Zerkäkiliň krowadynyň gapdalynda goýdy. Zerkäkil indi onuň üstünde çäýnek-käselerini, içi naharly ýa nahardan boşan okaralarydyr jamlaryny, iň bir esasy zadam goşgy ýazýan kagyzdyr galamlaryny goýýar. Islän wagty elini uzadyp alaga-da ýazybermeli.
Ol indi Mähri daýzanyň berýän gürrüňleriniň esasynda kiçiräk kyssalaram ýazyp ugrady. Ýöne, onuň üçin öz döredijiliginiň özeni Gökbörä ýazýan goşgulary bolmagynda galýar.
Namys ýesiri-14 (powest)
-
Korolewa
3 years ago
- Öňi bilen ylgaşlap gelenem hälki ugradyjy boldy.
Gökböri onuň burçak-burçak der bolup duran maňlaýyna seredip:
― Ýykyldy. Ýaňky ýigit ýykyldy. Gitdi... ― diýdi.
Ugradyjy ylgap baryp, «stop krany» basdy. Otlynyň polat tigirleri polat ýollara süýkenip, aýylganç ses etdi.
Otly saklandy.
Waka Tejen şäheriniň golaýynda bolup geçdi. Habar edilmegi bilen ol ýerden derhal organ we medisina işgärleri gelip ýetişdiler.
Gündizlikdigi zerarly otludan ýykylan ýigidi olar gelýänçä tapmak kyn bolmady we ilkinji kömekler edildi. Bu işlerden Gökböri hem çetde durmady.
Ýigidiň ýüzi-gözi gan, o ýerinde, bu ýerinde sypjyryk-selter görünse-de, «mesaňa» mälim bolup duran döwük-ýenjig-ä ýok. Belki, rentgen bir zat görkezer.
Ýigidi «Tiz kömege» ýüklediler. Wakanyň iň ýakyn şaýady hökmünde, milisionerler Gökbörä-de özleri bilen gitmekligi haýyş etdiler. Prowodnik heläkçilige uçran ýigidiň portfelini milisionerlere getirip berdi. Olaryň talapy boýunça düşündiriş ýazdy. Gökbörä-de: «Bar, nämäň bolsa alyp çyk, düşündirişi baraňsoň ýazarsyň» diýdiler.
Şeýle-de boldy. Şondan soň obasyndan çykmazlyk baradaky hata gol çekdirdiler-de, goýberdiler.
Öňi gije bolansoň, Gökböri ertir irden ugramaklygy ýüregine düwüp, häzirlikçe hassahana, Kakyşyň halyndan habar almaga gitdi.
Emma, görüp bilmedi. Görkezmediler. «Ol renimasiýada, özem huşsuz. Siz onuň nämesi? Özüne gelse kim geldi diýmeli...» ― diýdiler.
Gökböri:
― Men ýene-de aýlanaryn, ýöne, mümkin bolsa telefonyňyzy beriň... ― diýdi.
Berdiler. Ol indi ýatara ýer gözlemelidi. Ýöne, şunça ýyldan soň...
Ol awtobus duralgasyna baryp, gijäni şol ýerde geçiräýenini kem görmedi.
Şeýle hem etdi. Sorap-idäp duralgany tapdy. Nirä barýandyklary, nireden gelýändikleri belli däl, zalyň burçunda başga-da üç sany erkek bilen iki sany zenanyň goş basyp, haýsydyr bir dilde «hümürdenişip» oturandyklaryny görüp begendi. Olary özüne höwür saýdy. Uzyn oturgyjyň üstüne süýnüp, içinde zat bara meňzemeýän, agzy mäkäm bogulan goş haltasynam kellesiniň aşagyna goýdy.
* * *
...Gökböri öz obasyny tanamady. Dogry, ol soňky döwürlerdäki alyşan hatlary boýunça, obanyň täze ýere, ýagny «posýologa» göçendigi barada eşidipdi. Ýöne, täze obany köne obadan ep-esli, iň bolmanda at gaýtarym daşlykda göz öňüne getirýärdi. Emma onuň görýän täze obasy, ediljek köne obanyň ýerindedi. Köne tamlardan, hatda öz jaýlaryndanam nam-nyşan ýokdy. Olary ýykypdyrlar. Ýerini tekizläpdirler. Ýerine aşakly-ýokaryly, ileri-gaýraly, gös--göni köçeler çekipdirler, gyralaryna betondan guýlan, çür başy elektrik çyraly syrdam sütünler dikipdirler. Köçeleri ýakalap oturan jaýlaryň barysy edil bir atanyň ogullarynyňky ýaly birmeňzeş.
Kolhozyň kontorasynyň ornunda daşy gür gara baglyga bürelen kaşaň jaý otyr.
Baran agzyňda «П» harpyna meňzeş ullakan mekdep. Depesinde gyzyl baýdak. Çat maňlaýynda bolsa, megerem, ylym-bilim barada bolsa gerek, matanyň ýüzüne ak harplar bilen ýazylan şygar.
Hamala şu zatlara özüniňem goşandy bar ýaly, Gökböriniň kalbyny begenç hem guwanç duýgulary gurşap aldy.
Indi ol nirä gitmeli?
Peleň awçynyň-a öýi ýokdur. Ol magat. Şonuň üçinem elbetde, Zerkäkilleriň öýüni soramaly. Egerde, ol öňküsi ýaly Aman daýylarynyňkyda ýaşaýan bolsa, onda, şonuň jaýyny salgy bererler.
Şol niýet bilen ol daş-töweregine göz aýlady. Obanyň içi imisalalyk. Erewde-berewlik ýok. Diýmek, her kim işli-işine giden bolmaly. Şol wagtam jaň kakyldy-da, «jagylda-jugul» bolşup, okuwçylar daşary çykdylar. Mekdebiň öňünde ýazylyp ýatan, içi woleýbol oýnalýan torly, basketbol oýnalýan galkanly ylgaw ýodajykly sport meýdançanyň içine doldular.
Megerem jugrafýadan okadýan bolsa gerek ― edil şol wagt Gökböriniň ýeňse tarapyndan ýaşyl welosipediniň syrtyna ullakan «globus» bökderilgi jaňjagazyny «jyňňyrdadyp» geçdi.
Gökböri onuň saklanmagyny haýyş etdi. Zerkäkiliň öýüni sorady.
― Ejeşmi-i-i?.. ― diýip, hem kelte, hem hortaň ýigit jaňyndanam beter «şaňňy» sesi bilen sorady. «Howwa» diýen jogaby eşidendenem elini obanyň orruk ortasyndaky ak kerpiçden salnan gök derwezeli gapa tarap uzatdy. ― Ana, şol görünýän goşa jaý-a Omar bilen Osman aganyňky, şoň gaýra ýüzündäki mellegem Ejeşiňki...
― Sag bol, inim...
Jugrafiýa mugallymy tä mekdebe barýança welosipedini idip, Gökbörä tarap garaý-garaý gitdi.
...Görkezilen jaýa barýança, Gökbörä hiç kim duşmady. Omar bilen Osmanyňky diýlen jaýdanam giren-çykan bolmady. Kiçijik jaýa golaýlaşdygysaýy Gökböriniň ýürek urgusy çaltlanmaga başlady. «Barmyka? Ýokmuka? Öýdemikä? Işdemikä?..»
Ine-de, ol Zerkäkiliň gapysynda dur. Işik açyk. Giren agzyňda köwüş çykarylyp, gyşyna üstki eşikleriňi asyp girer ýaly insizje däliz. Onuň aňyrky köçä bakýan diwar tarapynda «fortoçkaly» penjire bolup, öňünde şol döwrüň kiçijik «Saratow» sowadyjysy dur.
Gökböri dälize gelip, içki jaýa göz aýlady. Birgeňsije, arassaja jaý. Öý goşlary köp däl. Bir burçda kiçijik, reňksiz telewizor işläp dur.
Gökbörini geň galdyran zat ― köçe tarapky uzyn diwar bilen ugurdaş, hassahanalardaka meňzeş aýagy tigirçekli, bili eplenýän, baş tarapy galdyrylyp düşürilýän krowat dur. Onuň üstünde ýüzüni telewizora tarap öwrüp bir aýal maşgala ýatyr.
Gökböri salam berdi. Megerem irkilen bolsa gerek, ýatandan ses çykmady. Hatda gozganmadam. Gökböri yzyna öwrülip botinkasyny çykardy. Usullyk bilen ýöräp, ýatanyň ýanyna bardy. Siňe-siňe ýüzüne seretdi. Seretdigisaýam gaşlary çytyldy, ýüzünde nebsagyryjylyk alamatlary peýda boldy. Gözlerine ýaş aýlandy. Sibiriň sowugyna ýaryk-ýaryk bolan dodaklary tebsirän dek «titir--titir» etdi. Çünki, ol ýatanyň kimdigini tanapdy. O-ol, öňünde birwagtlarky ter ýaňaklary al öwsüp duran, dodaklary gülüň pürçügi ýaly tämiz, on alty-on sekiz ýaşlaryndaky gyza derek saçlaryna çal sepen, maňlaýy ýygyrt-ýygyrt, çommujak dodaklary öňüksine görä kän peselen, elli ýaşlaryndaky, ýöne ondanam has oral görünýän heniz durmuş garasyny görmedik, jebri-jepadan göýdük bolan hüýr gyz ýatyrdy.
Gökböri onuň derlän ýaňaklaryna ýelmeşen kümüşsöw saçlaryny emaý bilen aýyrdy. Eglip, emaý bilen ogşady. Aýalary bilen ýüz-gözüni sypalaşdyrdy. Eşidiler-eşidilmez pyşyrdady.
― Käkiljikleriňden aýlanaýyn, Käkilim...
Henizem gözleri ýumuk, ukudadyryn öýdüp ýatan gyz, alasarmyk halda horja elleri bilen Gökböriniň kellesinden tutup, bagryna basdy.
― Aýdyber... aýdyber... Ýene-de aýt... Düýşümde bolsa-da sesiňden bir ganaýyn! Özüňem gitme. Dur! Böri! Dur!.. ― Gyz birden gözüni açdy. ― Eý-waý... Ýok, ýok!.. Beýle bolup bilmez... ― Ol az-kem gözüni ýumdy. Soň ýene-de açdy. ― Ýok, beýle bolup bilmez... Bu meniň düýşümdir...
― Ýok, Ejeş, bu düýş däl, huş... Men geldim. Özümem hemişelik geldim.
― Hany, onda meni ogşa. ― Gökböri onuň gaýmaklan ýaňaklaryndan taýly gezek ogşady. Zerkäkiliň ýüzüne şatlyk nury çaýyldy. ― Eý-weý, dogrudanam çyn. Hakykatdanam men oýa... ― Ol krowatynyň arkasyny galdyrdy-da, Gökböriniň boýnundan aslyşdy. Sesiniň ýetdiginden gygyrandanam öýtse-de ses juda ysgynsyz çykdy.
― Bö-ör-i-i!..
Sesini soňlap-soňlamanka-da «şalkyldap» arkan gaýtdy. Özünden gitdi. Ses-üýn ýok. Gökböri näme etjegini bilmän, töweregine garanjaklady. Penjiräniň öňünde, telewizoryň üstünde kiçijik çüýşelerde, kagyz gutujyklarda birgiden dermanjyklar dur. Ýöne, onuň haýsysy nämäniňki Hudaý bilsin.
Başga-da bir näme etjegini bilmän, telewizory öçürdem welin Zerkäkil özüne geldi. Ýöne, hereket ýok. Diňe, gözjagazlaryndan ýaş akýar. Dodaklary bir çommalýar, bir kiçelýär. Kükregi galyp-düşüp dur. Burunjygy «hys-hys» edýär. Saňňyldap duran inçejik eljagazlary Gökbörä tarap uzaýar-da, howada saklanyp bilmän aşak gaýdýar.
Gökböri onuň ellerinden tutup, aýalaryny öz ýaňaklaryna goýdy. Öwran-öwran ogşady.
― Ejeş! Ejeş, saňa näme bolýar. Aslynda sen näme üçin bimarhananyň kerebadynda ýatyrsyň?
Zerkäkil welin onuň soraglaryny eşidýäne meňzänok. Has dogrusy ol entek şu, üstüne abanyp duran gartaň kişiniň şo-ol birmahallarky Börüdigine-de gaty bir ynanyp baranok. Ynanasy welin gelýä.
― S-sen geldiň... S-sen geldiň... Bu s-sen.. Bu çyndanam sen... S-sen... B-böri-i... Eý, Huda-aý!.. Eý, Taňry-ym...
― Sen näme üçin düşekde ýatyrsyň, Ejeş?.. Saňa nämmolýa. Saňa nämmoldy?..
― Sen geldiň... ― Öz ýagdaýyny bilip duranam bolsa, ýerinden turmaga dyrjaşýar. ― Bu sen... Bö-öri...
Şol wagtam daşardan çygşyl-çygşyl edip, Zerkäkiliň enekesi egni göwşüllän gök köýnekli, başy ak dastarly Mähri daýza geldi. Syrkawyň üstüne abanyp, ony elinden, ýüz-gözünden ogşap duran nätanyş kişä gözi düşenden ol:
― Heý-wa-a... ― diýip, iki elinem buduna urdy-da, «lampa» aşak çökdi.
― Aý, iller-günler ýeteweriň! Bir juwana merk-ä bu hassa görgülini nemedip... nemetjek bolup... Aýu... Omaru-u-w... Osmanu-u-w!.. Milisgu-u!.. Edil şol wagtam milisiýanyň gozakly sary motosikli «tar-r...» edip geldi-de, ýoňsuzja tozan turzup, Zerkäkiliň tamjagazynyň öňünde keserdi. Ondan iki sany milisiýa eşikli ýaş ýigit «tapyrdaşyp» düşdüler. Geň galmakdan ýaňa gözleri «elek-çelek» bolan Mähri daýza bir elini ýere diräp ýerinden turdy--da, olara tarap «abşanaklap» ugrady. Baryp, olaryň gozakdan çykan göwresi gabaragyna ýüzlendi. ― Tüweleme, jan oşşym, iki aýtdyrman geldiňiz. ― Ol elini jaýa tarap uzatdy. ― Ho-onha, giriň, görüň... Tutuşmaly bolsa menem tutuşaýyn...
Oňa görä göwresi kiçi bolsa-da, gozakdan düşen däl-de, ýüz-gözüni gamaşdyryp ruldan düşen ýigit gepledi.
― Şu ýere şu gün Peleňow Gökböri geldimi?
― Peleňmi, barsmy, syrtlan ýaly bir bela-ha bar şuň içinde.
Milisiýanyň ulagyna, milisiýa eşiklere gözi düşenden, ýüregi bir zat syzan Gökböri Zerkäkile:
― Men häzir ― diýdi-de, daş çykdy. Ýigitler bilen salamlaşdy.
― Siz Peleňow Gökbörimi... ― diýip, ýene-de ýaňky ýigit sorady. «Howwa» diýen jogaby eşidenden soňam, motosikliň şahyndan tutup yza aýlap durşuna: ― Siz biziň bilen gitmeli... ― diýdi. ― Münüň...
Gökböri ýaýdandy.(dowamy bar)
Juma Hudaýguly
-
Bibish
3 years ago
- Yene azajyk goyaymala.
Kakyshyñ renimasiya gireninem Gôkbôriden gôrerlerow
-
Xyivenia
3 years ago
- Wah nahili poema eken yuregimi ezip iydi bu poeama. Dowamyna garasyan.
15.07.2021 14:48
-
Xyivenia
3 years ago
- Wah poemada boldy powest diyjekdim kellam gursyn :)
15.07.2021 14:49
-
soho
3 years ago
- Zerkakilin yazan goshgusy... :(
-
Korolewa
3 years ago
- Bibish, nesip bolsa tiz arada goyyan dowamyny:)
-
Korolewa
3 years ago
- Xyivenia, :)
Soho, gaty gowy, duygulandyryan goşgy...
-
Bibish
3 years ago
- @karalewa garashyan sabyrsyzlyk bn shu gùn goyayda dowamynam
-
Korolewa
3 years ago
- Bolya agshamrak goyjak bolaryn
-
LadaKalina.
3 years ago
- Gosgyny okamada gozum suwjaryar :(
-
IMMKN
3 years ago
- Thank you 🙏
Korolewa 3 years ago- Obadaşlary onuň goşgularynyň juda köp bolmalydygyny aýdýarlar. Emma, başdaky: «Alan bolsaň taşlap gaýdaý doganym», uruş ýyllary ýazan «Iller Alla diýiň, gidenler gelsin» diýen ýaly goşgularynam hasap edeniňde, Gökbörä ýazan goşgularyndan biziň günlerimize ýetenleri ine, şular:
Durmuş akyp barýar ömrümi gädip,
Öňe ädimleýän ajysyn dadyp,
Tikenli ýollardan gitse-de idip,
Şol ýollarda diňe saňa garaşýan.
Maňlaýa ýazylan ýazgyt çynmyka?
Golun bulap duran bagym senmikä?
Çyksam bir çukurdan gaçýan indikä,
Dyrmyşa-dyrmyşa saňa garaşýan.
Ilki gulluk, soňam urşuň tagmasy,
Diýse-de begenip... tamam hemmesi,
Soň sürgüne sebäp boldy ýeňňesi,
25 ýyl ýene saňa garaşýan.
Agaryp gitse-de tahýaly başym,
Sensiz elli gezek geçse-de gyşym,
Bilgin berilýänçä iň soňky aşym,
Agaç at gelýänçä saňa garaşýan.
Tümde galan dünýäm ala zenzele,
Sowulan bazarym döndi jeňňele,
Sensiz ýetdim ýarym asyr menzile,
Hijran otda ýanyp saňa garaşýan.
Ýüregim ýamaly maňlaýym gasyn,
Çirkizlipdir otdan jigerim asyl,
Epilen bilimden dönermi nesil?
Soragly nazarda saňa garaşýan.
Dillerimiň nury, umydym-ertäm,
Soldy heniz atylmadyk toý kürtäm,
Gözýaşdan monjugam düzerin belkäm,
Mährim, söýgim aýap saňa garaşýan.
Söýgini, ýarymy ýükläp namysy,
Bilýän bir gün geler bagtyň gämisi,
Düýbünden başga bor durmuş manysy,
Seň üçin göreşdim, ýene göreşýän,
Şo-ol... gämiň ýolunda saňa garaşýan.
Telim ýylky dymyşlykdan soň Zerkäkil bilen hat aragatnaşygynyň açylmagy, onda-da hatlaryň içi goşgular bilen hyryn-dykyn gelmegi Gökbörini uçursyz begendirdi. Ýöne, Zerkäkiliň başyna düşen soňky ahwalatlardan, bolup ýatyşyndan welin, ol entek bihabardy.
Aýralyk möhletiniň tamamlanmagyna bolsa ýene-de ylaýyk bäş ýyl bardy. Emma ojagaz bäş ýyl dagy şonça ýylyň aýraçylygyny mertlerçe çeken ýigidiň gözüne-de görnenokdy. Sebäbi ol börüdi. Onda-da Gökböridi.
* * *
1970-nji ýyl. Iýun. Moskwa. Kazan wokzaly. Çalt ýöreýän «Aşgabat ― Moskwa» otlusy. Köpçülikleýin münülýän umumy wagonlaryň birinde başy gulakjynly, egni göwşüllän, garamtyl-çal güpbüli, balagam şolar ýaly, ullakan botinkaly, ýüzi ejirli, göm-gökje gözleri içiňden geçip barýan, gulaklarynyň ujy çürelip gidýän orta boýly hortaň bir kişi pejireden «perrona» seredip otyr. Sus. Gelýän-gidýän, girýän-çykýan bilen işi ýok. Üns berenok.
Ine-de otly ugrady. Ol aýnadan gözüni aýyrdy-da, uludan sowuk demini aldy. Allahdan özüne ak ýol diledi. Arkasyny diwara beribem, ellerini göwsünde gowşuryp, gözlerini ýumdy.
Onuň ýanyna münýänlerden iki sagatdan düşýänem, dört, alty, sekiz sagatdan, bir gije-gündizden soň düşýänlerem, asla düşmeýänlerem bardy. Beýlekilerem-ä aňman duranokdylar welin, şol asla düşmeýänler onuň käte bir aýak ýoluna gidip-geläýmese, müneli bäri duz datman uklap gelýändigini duýdular.
Ahyram, otly Gazagystanyň çäklerine girende, bir uly ýaşly rus zenany ony yralady-da:
― Aý, kişi! Siz nämüçin hemişe uklap ýatyrsyňyz? Näme üçin iýip-içmeýärsiňiz? Ýa hiç zadyňyz ýokmy? Goş-golamyňyzam-a görnenok. Eýle bolsa geliň, biziň bilen iýip-içiň ― diýdi.
Aýal bilen ýanaşyk oturan gartaňrak erkek adamam şol sözleri gaýtalady. Şunça garşylyk görkezmegine garamazdan, goňşusyny öz saçaklarynyň başyna geçmäge yrdy. «Jugurdap» duran garnyna bir zatlar oklansoň, onuň adyny, nireden gelýänini, nirä barýanyny, beýle uzak ýola näme üçin harjysyz çykandygyny sorady.
― Adym Böri. Türkmenistandan. Ýigrimi bäş ýyllyk möhletimi geçirip gelýän... ― diýip, näçe gün bäri açlyk çekip gelýän adam ejizländigini bildirmezlik üçin dişlerinden syzdyryp gepledi. ― Harjymam ýog-a däldi welin, Moskwada otla garaşyp bir gün eglenmeli boldum-da, özümdenem garyba duşup...
― Görýän welin, sizem aldapdyrlar.
― O nähili?..
― Iki çagaly bir oralrak aýalmy?..
― Howwa. Özem sygan aýaly.
― Ýok, ol sygan aýaly däl. Çagalaram sygan çagalary däl. Olar ýeke-de däl, köplük. Bilen dälsiňiz, töwereginde garawullaşyp ýören erkeklerem bardyr. Ýöne, şu görnüşdekäňiz sizden näme tamakin boldularka?
― Bilmedim-dä. Baýlar asla zat berýän däl bolaýmasynlar? Näme, olar size-de duşdumy?
― Howwa. Ýöne, bizi aldap ýetişmänkä milisioner ony kowdy. Olar otla münüp, her gün bir şäherden çykýalar...
...Olar «Gyzyl-Orda-da» düşdüler. Gökbörä baryndan döwüm-dişlem çörek, iki sany gaýnadylan ýumurtga, kükürt ýalyjak sala goýdular. Köne tanyşlarça hoşlaşdylar.
...Daşkente gelenlerinde Gökböriniň oturan wagonynda orta boýly, endam-jany dym-dykyzja, buýra gara saçly, ýüzi posalajyk, ýaňaklary pökgerip duran, ýigrimi bäş ýaşlaryndaky bir türkmen ýigidi peýda boldy. Ol ähli küpelere seredip, hiç birine-de syny oturman gelşine, irkiljiräp oturan Gökböriniň gaşynda aýak çekdi.
― Şundan yspokoýnyragy ýok öýdýän ― diýip oturgyja çökdi. Penjiräniň öňündäki stoljyga tarap süýşdi. Megerem azyk bolsa gerek, içi zatdan doly goňur portfelinem şonuň aşagynda, elýeterinde goýdy. Gökböriniň çalaja çyzylýan gözlerine jüýjerilip, onuň oýadygyna ýa ukudadygyny bilmese-de:
― Assalamu-aleýkim... ― diýip, özbek äheňinde salam berdi. ― Ýakşimisiz?
Gökböriniň gözleri açyldy. Ulaldy. Birazajyk ileri omzady.
― Waleýkim essalam. Edenne şükür.
― Wiý, agam türkmenmidiň ýa? Hany onda «tohtaň» bakaly... Ol howlukmaçlyk bilen çykyp gitdi-de, sähel salymyň içinde iki sany käse getirdi. Eglip, stakana tutup portfelinden bir çüýşe arak çykaryp, garbanar ýaly kakadylan kolbasajyk, kükürt ýalyjak peýnir, alma, nar çykardy. Çüýşäni açdy. Şol wagtam demirýol gullukçysynyň eşigindäki uzynak, süýnmek ýüzli, burnam şoňa göräräk, garaýagyz ugradyjy geldi-de, sag eliniň syňragyndaky iki sany köpgyraňly, kiçijik stakanjagazlary ýaş ýigide uzatdy.
― ...Me, şulary al-da, käseleri bersene ini, çaýçylara gerek boljak...
― Ol-a hasam gowy... ― diýip, ýigit stakanlary ugradyjynyň elinden kakyp diýen ýaly aldy. Derrewem olaryň birini arakdan doldurdy-da, oňa uzatdy. ― Al, agam başlaber, yzyny özümiz bir zat ederis...
Ugradyjy stakany gysymyna gysady-da, ony ilk-ä eltip, sag owurdyna ýelmedi, soňam aýasy bilen towlaga-da, agzyna eltip bir zatlar etdi welin, Gökböri ol aragy stakany zady bilen ýuwudandyr öýtdi. Ýaş ýigit ol oýunlara belet bor-a çemeli:
― Maladis... ― diýdi-de, käselerini «bazygäriň» eline tutdurdy. ― Içiň gyssa geläýgin agam. ― Soň ol Gökbörä ýüzlendi. ― Indi özli-özümiz bolubam bir içeli...
Gökböri çürt-kesik edip:
― Men içemok, inim, maňa guýubam oturma... ― diýdi.
Ýaş ýigidiň çüýşeli eli howada doňup galdy.
― Bagyşla welin agam, entek soraşybam ýetişemzok, men barybir aňýan, siz nemeden gelýän bolmaly... O-ol, sowuk ýerden...
Gökböri başyny atdy.
― Näçe üşäp ýatanyň-a bilemok, ýöne, şonça ýyl şo ýerde syňsyraklabam, şuny öwrenmän gelşiňe men-ä haýran.
― Haýran galsaňam, ynansaňam ynanmasaňam şeýle şol. Aragam içemok, çilimem çekemok.
― Mert adam ekeniň. Ine onda men şuny siziň sag-aman dolanyp gelendigiňiz üçin içeýin.
― Iç, noş bolsun.
Içdi. Onda-da köp içdi. Şo-ol yzly-yzyna içdi oturdy. Ahyram dili çolaşyp başlady. Gürrüňdeşi bilen «siz» diýip gepleşýämi ýa «sen» diýip, gepleşýämi, biler ýaly bolmady.
― Ýogsa-da agam sen nirä barmaly?
― Tejende düşsem bolýa. Ondan aňry daş däl.
Gökböri öz raýonyny takyk aýtmadam welin, ýaş ýigit «zöwwe» ýerinden galdy.
― I-i-i... Ikimiz-ä agam hakyt obadaş ekenik. ― Ol sag elini Gökbörä tarap uzatdy. ― Men Kakyş. Kakageldem diýýäler...
― Kimlerden borsuň?
― Ine, şu kyn mesele, agam. Ejem-ä meni dogranda ýaş üstünde ýogalypdyr. Kakamam onuň yz ýany guýy basypmy ýa iki dost bolup awa gidenlerinde bilmän, biri-birlerini atypdyrlarmy, garaz, bir bulaşyklyg-a bar. Takygyny welin, näme üçindir, maňa aýdanoklar. Meni iki ýaşyma çenli gelnejem saklapdyr. O-da üç-dört çagasy bilen ýeke özi idirdenip ýören dul aýal ekeni. Süýtden aýrylamsoň o-da meni atama berýä. Atamam bir garry adam, özi-özüne ýük, ejizläp ugraýa. Gözi çöňňelýä. Birinjä barmaly bolamda, Aşgabatdan enemiň erkek dogany ― Paşşy daýym gelip alyp gidýä. Ors mekdebine salýa. Mekdepden soňam ― ony özümem bilýän. ― Uniwersitetiň hukuk bölümine saldy. Onuň özem ýurist. Onda-da ökde, güýçli ýurist. Tanşy kän. Baran ýerinde gepi ýöreýä. Sebäbi öň «Ýustisiýa ministrliginde» uly wezipelerde işledi. Men aýtsam saňa-da kömek eder, «oturyp geldiň» diýip, azar bermezleri, işsiz kösemezleri ýaly eder. Bir gezek jaň etdi, gutardy. ― Ýigidiň synçgylawy tutup başlady. ― B... B.. Bir gezek... Häk... Häk... Bir gezek... häk... etdi. Wiý, bir gezek jaň etdi gutardy. Häk... häk... ― Ýaş ýigit Gökböriniň gözleriniň içine jüýjerildi. ― Özüň kimlerden borsuň agam...
Gökböri ýüzüni iki-baka sypajaklatdy.
― Aý... meňk-ä inim, seňkidenem bulaşyk. Ýigrimi alty ýaşlarymda gidişim, ine-de gelşim. Bir agam bardy, o-da uruşda ýogaldy. Kakamam meň giden döwürlerim, döwürlerimem däl-de, asyl giden günüm ýogalypdyr. Ýöne, sen ony barybir tanamarsyň...
― Aý, howwa-da, men şol oba poçti, barmadym diýen ýaly-da. Ine, şu wagt men Daşkentden «partşkoly» gutaryp gelýän. Daýym: «Şonam tamamla-da, diplomyňy jübüňe ur, gerek ýeri bor diýensoň giräýdim. Onuň maňa amatlyja orun taýýarlan bolmagam ahmal. Ana, şondan soň menem oba baryp kökümi yzarlarmykam diýýän. Ýedi arkaňy bilmeseň bolmyýamyşyn...
Ýigidiň aragy gutardy. Şoldan soň ol Gökbörinem alyp, restorana sary ýöriş edermen boldy. Emma, Gökböri oňa çürt-kesik garşy boldy.
― Bu eşikde o ýerlere baryp bolmaz, inim. Onsoňam indi saňa-da besdir, agdyk düşer... ― diýdi.
Muny Kakyş ýokuş gördi.
― Nämeden çekinýäň, ýaşuly, ýurt öz elimizd-ä... ― diýdi. ― Ýeri, bolýa-da. Muhammet daglara gitmese, daglary Muhammediň ýanyna getiräýeris. ― Ol patanaklap gitdi-de, restorandan bir çüýşe konýak bilen bir gap çilim getirtdi. Açjak bolup «hyk-hyk» edip oturyşyna çilimini mazamlady. ― «Orbita» BK... Bolgar tabak...»
Barybir açybilmedi. Sözleriniň agzyndan gaçyşy ýaly, çilimem elinden gaçdy durdy.
Konýakdanam iki gezek ýelmänden soň ol has bulaşdy. Ahyram çilimini Gökbörä uzatdy.
― Aşyp bezsene... ― Birdenem ýüregi howlugan ýaly ýerinden turdy-da, Gökböriniňem elinden tutup, çykalga tarap ýöneldi. ― Ýöz, tambuza şykyp şekeli...
Gökböri ony saklabam bilmedi, gep düşündirmäge-de ýetişmedi. Tambura baryp saklananlaryndan soň ýigit «çilim ber» diýen manyda ýene-de elini Gökbörä uzatdy. Berlen çilimi agzyna gysdyrybam ot sorady. Gökböri «mende ot ýok» diýen manyda iki elinem ýokary galdyrdy.
Kakyş megerem ot getirmek üçin oturan ýerine gitmek islän bolsa gerek, Gökböriniň: «Dur, men özüm getirip bereýin» diýenine-de gulak asman, wagonyň içine tarap hyýallandy. Edil şol wagtam agzyndaky çilimi ýere gaçdy. Ony aljak bolup egildi. Ana, şo-da onuň işini gördi. Başyny aýlady. Çilimini tapyp, täzeden agzyna saldy. Ýerinden galşy ýalam öňki barýan ugrumdyr, öýdendir-dä, Gökböriniň öňünde garalyp duranyna-da bakman, gapdalyndan sowlup geçdi-de, «tamburyň» daşky gapysyna tarap ätmerläp ugrady, barşy ýalam badyny saklap bilmän, açyk gapydan dikbaşşak gaýtdy, emma ses-üýn çykmady. Oňa derek Gökböriniň sesi bütin wagony örüzdi.