Gökböri ýaýdandy.
― Nirä? Nämüçin? Men şumatjyk gelip durşum ahyry... Men entek dyzymam epemog-a...
Oňa çenli Omar-a öýünde ýok ekeni welin, Osman, Annuşka we başga-da birnäçe goňşy-golamlar, üýşüşip geldiler. Çaga-çuga, garry-gurtular ýygnanyşdylar.
Nämeleriň bolup geçýändigine, gelen adamyň kimdigine, häzirlikçe jaýyň içinde biline urlan ýaly penjirä tarap ellerini serip, towlanjyrap ýatan Zerkäkilden başga düşünýän ýok. Onuň ýanyna girip-çykandan soň ýagdaýa Annuşka-da düşündi. Üýşüp duranlara-da düşündirdi. Öňi bilenem türkmen däbi boýunça, ýeňiniň daşyndan gysymlap, Gökböri bilen zenanlarça görüşdi.
― Gözüň aýdyň, Gökböri, sag-aman gelipsiň... ― diýdi.
Erkekleriň arasynda öňi bilen özüni «myhmanyň» üstüne zyňan, gujaklaşyp görüşen Osman boldy. Soň erewde-berewlik başlandy. Uly-kiçi, aýal-erkek barysy birden çozdy.
«Gözüň aýdyň» sözler köpeldi. Ondan-mundan ýapyrylyşyp gelýänleriň sany artdy.
Geleniň kimdigine indi göz ýetiren Mähri daýza-da:
― Heý-wa... ― diýip, Gökbörä golaýlaşdy. Nobata durdy. Gezegi gelendenem: ― Büý-ä öz öz obamyzyň oglany ekeni... ― diýdi-de, mähriban ene deý, garsa gujaklady. ― Towşan janyň balasy. Jorajygymyň jigerbendi. ― Gözýaşyny saklabilmänem kölegä bardy-da, arkasyny diwara ýaplap oturdy. ― Gözüň aýdyň oglum. Geldiňiz «gowuşdygyň bolsun». ― Ol indi agzyny penjirä tarap öwürdi. ― Gözüň aýdyň-u-w, Ejeş!..
Rulda gelen ýigit bokurdagyna bat berip:
― Ýaşuly, gelene gep nokatlaşyp durmaň-da, münüň motora, biziň wagtymyz ýok. Sizde-hä asylam ýok.
Indi kyrkdan agyp, endamyna birmahallar Ezraýyl tüýi ören Osman epeý-epeý ätmerläp öňe çykdy.
― Bu bende entek eşiklerinem çalşyryp ýetişenog-a...
Egnindäki heýkeline üç sany zerli çyzyk çekilen ýigit öňküsindenem beter yzgytsyz gepledi.
― Birinjiden-ä agam, bende däl-de, bendi. Ikinjidenem eşiklerini çalyşmaklygyň oňa gerek bolmazlygam mümkin. Şu durşuna yzyna gidibermeli bolaýmagam ahmal.
Häliden bäri daşardaky gep-gürrüňlere diň salyp ýatan Zerkäkil milisiýanyň soňky sözlerini eşidip, «zöwwe» ýerinden galdy-da, ylgap baryp, düwülgije ýumruklarynyň hersi bilen iki ganatly penjiräniň birine zarp bilen urdy. Penjiräniň çarçuwalary serpildi-de, diwara degip döwüldi. Kül-uşak bolan aýnalaryň «çagşyldysy» Zerkäkiliň:
― Ýo-o-o-k!.. ― diýen sesi bilen garyşyp gitdi. Aýnalaryň iküç sany uly bölegi «şaňňyrdap» Mähri daýzanyň gapdalyna düşdi. Pagyş-para bolup dumly-duşa ýaýrady. Şeýle-de bolsa, hiç kime ýara düşmedi. Gan çykmady. Zerkäkil seržantyň ýüzüne çiňerildi. ― Ýok! Men indi ony goýbermen! ― Ol däliziň üsti bilen aýlanyp, gapydan çykdy-da, gelşi ýaly Gökbörini gujaklady. ― Bermen!.. Goýbermen!..
Seržantyň sesi inçeldi.
― Daýza! Biziň bilen ibermeseňiz, «narýad» geler. Ol biziň ýaly siziň bilen «sermenekleşip» durmaz, zor bilen äkider.
Gözlerini elek-çelek edip, Zerkäkile seredip oturan Mähri daýza zordan ýerinden turdy-da, «mytdyl-mytdyl» edip Zerkäkiliň ýanyna bardy. Ony Gökböriden aýyrdy.
― A gyz, sen nädip ýörsüň. Sen ýatmal-a, galybilmeli däl-ä.
Zerkäkiliň näçe ýyl bäri ýerinden turman ýatandygy uly-kiçi, şol töwerekde duranlaryň hatda Zerkäkiliň özüniňem ýadyna diňe şondan soň düşdi. Ýöne, o zatlar üçin geň galara, sebäbini agtarara onda wagt ýok. Ol ýene-de seržanta ýüzlendi.
― Birinjiden-ä men seň daýzaň däl, jijim! Ikinjidenem ýaňky aýdyşyň ýaly şoňa sebäp tapylyp bu ýigidiň göni yzyna gidäýmegem ahmal bolsa, onda, baryň, siz gidiň-de, ýaňky, güýç bilen äkidibilýän «narýadyňyzy» iberiň. Oňa çenli biz Böri bilen nikalaşjak. Öňki gezegem men armanly galdym. Ýöne, öňküde gelinligi hökmünde garaşan bolsam, bu gezek gelni hökmünde garaşarym ýaly şoňa maý beriň. ― Ol duranlara ýüzlendi. ― Baryň, Allak mollany tapyp geliň...
Birdenem onuň essi aýyldy. Ýüzi ak-tam bolup, gözleri ýumuldy. Dodaklary «müňk-müňk» etdi, aýaklary titredi. Tutuş süňňi bilen elleri galpyldady. Gökböri bilen Annuşka ikisi ony götergiläp diýen ýaly krowadynyň üstünde ýatyrdylar.
― Muňa näm boldy ― diýip, şondan soň Gökböri Annuşkadan sorady.
― Geleňsoň aýdarys. Bu bir uly hem uzyn taryh. Ýöne, ýa, Hudaý, belki, bu gün-erte gaýdyp geläýediň-dä...
― Agzyňdan Hudaý eşitsin. Ýogsa-da sen kim?
― Men Annagül. Omaryňky... ― Annuşka Gökböriniň ýüzüne howsalaly seretdi. ― Dogryňy aýt, Böri, ýene bir waka ulaşdyňmy? Ýene bir ýerde namysyňy goramaly bolduňmy?
― Ýok, jigim. Elbetde, goramaly bolan bolsa gorardym, ýöne, Hudaýa şükür, beýle zat bolanok.
Şol wagt daşardan motosikletiň üznüksiz, naçarlaç inçe hem howsalaly sesi eşidilip başlady. Seržant döwülen penjireden ýarpy göwresini içeri sokdy.
― Ýaşuly, sen bolýaňmy ýa ýok?!
Gökböri Annuşka bilen howlukmaç hoşlaşdy-da, gapydan suwulyp çykdy.
...Ony «Raý milisiýanyň» jaýyna-da salmadylar. Naçalnigiň orunbasary kelte boýly, tos-togalak kellesi ýylçyr, maňlaýy derçiräp duran uly leýtenant Kaşşakow seržant entek motoryny öçürmänkä öňünden çykdy-da:
― Bar, ýet. Tejeniň maşyny ugrajak bolup dur. Mündürip goýber. Sagat üçe göni naçalnigiň ýanyna barsyn....
― Есть!..
Şondan soň Gökböri rejäniň geň däldigini, meseläniň «bellikde» ýa «hasapda» däldigini aňdy.
Tejene gelensoň, hakykatdanda, sen-men ýok «südenekledip» göni naçalnigiň ýanyna eltilmegi, onuňam özüni düýnkisine görä has sowuk-sala garşy almagy howsalasyny hasam artdyrdy.
Naçalnik kömekçisimi ýa nobatçysymy kiçiräk çinli, ýöne boýy juda uzyn birini çagyrdy.
― Getiriň.
Şilliň çykdy. Az wagtdanam:
― Mümkinmi... ― diýip, etli-ganly, ak eşikli, ýüzi hyştym-gyzyl, altmyş bäş ýaşlaryndaky adam girdi. Naçalnik bilen dostana gatnaşykdadygyny bildirmek üçin agras ädimläp ýanyna baryp salamlaşdy. Naçalnik «üm» bilen oňa Gökbörini görkezdi. Ol Gökböriniň çat maňlaýyna geçip durdy-da, esli wagt, üns bilen synlanyndan soň aşaklyk bilen naçalnige seretdi. ― Şol! Hut şonuň özi! Maglumatlaryny görkezeniňizde-de aňdym şonuň şudugyny, ind-ä hasam göz ýetirdim. Şondan başga hiç kim däl.
Naçalnik Gökbörä ýüzlendi.
― Sen bu ýaşulyny tanaýaňmy?
― Tanşym-a däl, ýöne, kimdigini bilýän. Geçen gezek maňa sud bolanda, ejir çekenleriň hossary ― daýylary hökmünde çykyş edipdi. Haçan gelsemem meni obada arkaýyn gezdirmejekdigine söz beripdi. Ýalňyşmaýan bolsam ol häzir şol sözüniň üstünde tapyljak bolup alada galyp ýörene meňzeýär. Ýöne nädip? Nähili bahana bilen? Sebäp näme?
Naçalnik özüni sowuklaç alyp barýanam bolsa, sesini gataldanokdy. Bu gezeg-ä ol hasam pessaý gepledi.
― Düýnki otluda bile gelen ýigidiň kimdigini bilýäňmi? Men ony nireden bileýin? Men gidemden soň dünýä inen çaga.
― Dogry. Ýöne ol özi hakda aýdandyr-a bir zatlar.
Şu ýerde gürrüňe häliden bäri dolup-daşyp oturan ýaşulam goşuldy.
― Aýtmazmy? Şonça ýoldan bile, onda-da iýişip-içişip gelen adamam bir özi hakda zat aýtmazmy? Aýdandyram, şeýdibem orta ýolda öz-özüne höküm çykarandyr.
― Men size düşünemok, ýaşuly. Siz nähili hökümiň gürrüňini edýäňiz? Onsoňam men onuň bilen bir agyz çörek iýsem iýendirin, ýöne aragam içişen däldirin, çilimem çekişen däldirin.
Gökböriniň bu sözüni naçalnigem tassyklady.
― Dogry. Peleňow aragam içmändir, çilimem çekmändir. Biz muny şol wagonyň «prowodnigindenem» sorap gördük.
― Siz maňa düşündiriň ahyry. Näme bolupdyr? Otludan ýykylan oglana meniň näme dahylym bar? Näme günäm bar? Bu adam onuň nämesi?
― Bu adamyň kimdigin-ä ýaňy özüň tanadyň. Ol oglanam munuň ýegeni. Soň ogullygy. Başda-da seniň eden ähli jenaýatkärçilikleriň gözbaşy. Has takygy gelnejeň garnynda galan düwünçek. Ol örän täsinlik bilen, ýigrimi bäş ýyldan soň, boşap gelýärkäň, şujagaz aralykda saňa sataşýar we şol ýagdaýa düşýär. ― Naçalnik ejir çekeniň hossaryna tarap baş atýar. ― Bu ýaşuly bolsa, şol heläkçilikde seniň eliň bardyr, öýdýär. Duşuşyk tötänden bolaýanlygynda-da, waka bilkastlaýyn siziň eliňiz bilen edilendir öýdýär. Sizi öz ogluna kast etmekde güman edýär.
― Sizem şeýle pikirdemi?
― Biz entek iş alyp barýarys. Oglanyň özüne gelerine, maglumat bererine garaşýarys.
― Meniň bu aýtjak bolýan sözlerim size juda ýowuz bolup eşidilmegem ahmal, ýöne, meni derhal yzyma ugratmaklygyň hatyrasyna bu adam öz oglunyň has takygy ýegeniniň özüne gelmezligi üçin elinden gelenini eder, diýen gorkymam ýok däl, graždanin naçalnik.
― Graždanin däl, ýoldaş naçalnik. Çünki sen entek ähli günäleri boýnuna goýlan jenaýatkär däl, diňe güman edilýän...
― Sag boluň, ýoldaş naçalnik.
― Ýöne ýaňky sözleriňiz welin hakykatdanam ýowuz... Ejir çeken ähli tarapdarlar gözegçilikde saklanýar. Biz olar ýaly eden-etdiliklere ýol bermeris.
Daýy ellerini daldaladyp örboýuna galdy-da, bokurdagyna sygdygyndan gygyrdy.
― Men şunuň ýaňky aýdanlaryny «protokollaşdyrmagyňyzy» resminamalaryň içine çatmagyňyzy haýyş edýärin. Haýsydyr bir hapa işiň hatyrasyna öz bagrymdan önen çagamy... то есть, janymdan eziz, ogul-bala edinen çagajygyma kast eder ýaly men... men näme... «monstrdyr» öýdýäňizmi? Men... Men Türkmenistanda, hatda soýuz möçberinde diýip alanyňda-da, ady belli, güýçli ýurist. ― Ol naçalnige tarap barmagyny çommaltdy. ― Şu ganhoryň ýaňky aýdanlaryny «protokollaşdyrmaklaryňyzy», dokumentleriň arasyna goşmaklygyňyzy haýyş edýärin.
― Bolar ýaşuly. ― Naçalnik Gökbörä ýüzlendi. ― Seniň ýene aýtjak-goýjak zadyň barmy?
― Bar...
― Aýdyber.
― Aýtsam... Birinjiden-ä... ― Gökböri ellerini asmana serdi. ― Üstümde Alla bar, men ol oglanyň kimdigini ine, şu wagt bilip otyryn. Ikinjidenem biläýenimde-de men oňa barmagymam batyrmazdym. Sebäbi, bir aýby köp içýä diýäýmeseň, ol görnüşine görä-de, gepi-sözi boýunça-da juda sypaýy, salyhatly ýigit. Şeýle howgylawly ýigidi terbiýeläp ýetişdirdigi üçin, bu ýaşula «sag bolsun» aýtmak bolar. Ýöne...
Ýaşuly üsti durşuna tüý bolup duran ýogyn barmaklaryna Gökbörä tarap çommaltdy.
― Hantamalyk etjek bolma... Ýasama sözler bilen sypjak bolma...
Gökböri oňa ünsem bermedi-de, sözüni goýan ýerinden dowam etdirdi.
― Ýöne... özüme hernäçe zor salsam-da, şol ýigidiň şü adamyň elinde terbiýe alandygyna, şuň göreldesi bilen şol derejä ýetendigine ynanyp bilemok. Ýöne ine, arak içmäni şundan öwrenendir diýseler welin, ynansa bolar.
Tüýlek, ýagjymak barmaklar ýene-de howada gaýmalaklady.
― Munuň bu sözlerinem resmileşdirmekligiňizi towakga edýän... Bu meselede kommunistik terbiýäni, sowet ideologiýasynyň rolynam inkär etmek bolmaz. Uniwersitetiň hukuk bölümini tamamlapdyr, soň partiýa mekdebine giripdir. Onam ine, tamamlap gelşi. Ol okuwlary okan adam terbiýesiz bolup bilmez.
Naçalnige ýakmajakdygyny duýsa-da, Gökböri öz kellesine gelen pikiri daşyna çykarman durup bilmedi.
― Şol terbiýäniň ala-böle araga, çilime täsir etmeýşi geň zat...
Häliden bäri gaharyna bäs gelibilmän, Gökbörä tarap owsunjyrap oturan «ýaşuly» zöwwe ýerinden galdy.
― Ine, ine, gör! Gör! Hiý, içi düzüw adama meňzeýämi şü! Kommunizme şek ýetirip, onuň mukaddes mekdeplerine piçjiň atyp oturyşyny gördüňmi? Diňe şu sözi üçinem muny suda çekmek boljag-a...
― Naçalnik aşaklyk bilen Gökböriniň ýüzüne gyýa-gyýa garady. ― Ýöne, ýaňky ýaly adamyň şahsyýetine degiji sözleri aýtmajak bol. Bu seniň ýagdaýyňdaky adamyň bähbidine däl.
― Günäkär, ýoldaş naçalnik...
Şular ýaly terzdäki iki taraplaýyn «atyşykdan» soň, naçalnik «söweşiň» bes edilýändigini yglan etdi. Güman edilýän hökmünde Gökböriniň öz ýanlarynda galmalydygyny aýtdy. Galsa-da, galmasa-da ýaşulynyň öz işi, adresi, telefon belgisi bar, bolany! Gerek bolsa çagyrylar. Emma ýaşuly ogly bu haldaka bu ýerden gitmejekdigini aýtdy.
Naçalnigem öz gezeginde oňa: eger-de, syrkaw özüne geläýen halatynda onuň ýanyna sülçüden öňürti hiç kimiň girmäge hakynyň ýokdugyny ýaňzytdy.
...Ertesi Gökböriniň yzyndan Omar bilen Annuşka geldi. Ýanlary bilen öz raýonlaryndan bir aklawçy hem getirdiler.
Olar Gökböriniň ýene-de gözenegiň aňyrsynda oturandygyny görüp gynandylar. Bir gowy zat ― Gökböri bilen ýörite jaýda duşuşmaklyga, getiren zatlaryny iýdirip-içirmeklige, isledikleriçe gürleşip oturmaklyga rugsat etdiler.
Çaý başynda Gökböri olara ýolda bolan wakany jikme-jik gürrüň berdi. Şol oglanyň kim ekendigini özüniňem ýap-ýaňyja bilip galandygyny, emma onuň kakalygynyň şol işi özünden görýändigini, oglan özüne gelensoň bar zadyň aýan bolup, özüniň goýberiljekdigini, çünki, ol oglanyň ýalan sözlemejekdigini aýtdy.
― Eger-de, ol ýigit özüne gelmän nemedäýse näme... ― diýip, Omar şular ýaly-da hökman berläýmeli soragy orta atdy. ― Onda sen ýene-de yzyňa gidibermelimi?..
Annuşka adamsynyň ýüzüne gaharly bakdy.
― Agzyňy haýyr aç. Ýurdy alahekge soraýan däldir. Soraglap, idärler...
Onuň bu sözlerini Gökbörem goldady.
― Elbetde. Eýýäm «prowodnikden» görkezme aldylar. Belki, ýene-de şaýat tapylar. Gowus-a şol ýigidiň özüniň dil açmagy. Bu bir bolaýan zat. Ikimiziň asyl biri-birimiziň kimdigimizden habarymyzam ýog-a... Beýle ykbally adamlary duşuraýyn diýibem duşuryp bolmaz... ― Şondan soň Gökböri olardan Zerkäkil barada sorady. ― Oňa nämmoldy?
― Heläkçilige ugrady.
― Awariýa düşdümi?
― Howwa.
― Maşyndamy?
― Ýok arabada. ― Omar bolan işi birin-birin gürrüň berdi. ― Eltmedik ýerimiz galmady. Oňurga şikes ýetipdir. On ýyl bäri şol tigirçekli krowada örklenip ýatyşy. Gyşyň günem bolsa, howa sähelçe maýladygy, krowadyny daşary çykardýar: «Birden Gökböri geläýse» dagy görmän galaýmaýyn, diýip...
Gökböriniň gözlerine ýaş aýlananyny görüp Omar sözüni kesdi.
Annuşka hyjuwly seslendi.
― Şonça ýyl şo ýatyşyna ýatybam, seni görende, galyp gidibermegi welin geň zat. Gudrat diýseňem boljak. Wraçlaram şeýle zatlaryň bolýandygyny, ýöne, juda seýrek bolýandygyny aýdýarlar.
Annuşkanyň çaky dogry çykdy. Gözleriniň ýaşyny süpürip oturan Gökböri ýylgyrdy.
― Elbetde. Hemme zat adamyň beýnisine baglymyşyn-a...
Bular gürleşýänçäler aklawçy naçalnigiň ýanyna girip çykdy. Özüni resmileşdirmekde, ejir çekeni görmek meýliniň bardygyny aýtdy. Naçalnik oňa:
― Gözel göwnüňiz. Ýöne, ol entek huşuna gelenok. Barybir goýbermezler... ― diýdi.
Aklawjy oňa:
― Syrkaw özüne gelýänçä ýa birýüzli bolýança, güman edilýäni «dil haty» esasynda öýüne goýberip bilmezmisiňiz... ― diýip, sorady.
Naçalnik aşak bakyp, böwrüni diňläp oturdy-oturdy-da:
― Umuman... По идее можно... Но... ― Şondan soň ol näme üçindir gürrüňdeşiniň ýüzüne naýynjar seretdi. ― Gowusy bolubersin-le şu ýerde. Özüň bilýäň... «Бережливого Бог бере¬жет...» diýipdirler.

* * *

...Aklawjy şondan soň her gün gatnady. Syrkawdanam, Gökböridenem habar tutup durdy.
Günde bolmasa-da obadan günaşa diýen ýaly bir gün Omar bir gün Osman, ýene bir günem Annuşka geldi. Iýer-içer ýaly oduk--buduk zatjagazlar getirdi. Zerkäkiliň indi hakykatdanam assa-ýuwaşdan ýöräp ugrandygyny, pişek alyp berendiklerini uly begenç bilen buşladylar. Kakageldiniň kakalygam öz aýdany ýaly ogullygyny o ýagdaýda taşlab-a gitmedi. Edil ölümini dilemese-de, onuň özüne gelen pursaty ýanynda bolmak, Gökböriniň yzyna ugradylary ýaly, agzyna gep salyp bermek üçin, gije-gündiz hassahananyň agzyndan aýrylmady.
Nobatçy hekimleriň «renimasiýanyň» işgärleri bilen dil tapyşmak üçin eden synanyşyklarynyň birem başa barmady. «Bu sud işi. Biziň muňa goşulmaga hakymyz ýok» diýdiler.
Gökböriniň welin içini it ýyrtdy. Gündiz-ä gelen bolýa, giden bolýa, nägerek eýle geçýä welin, gijede iş bar. Her biri lageriň ýylyna barabar. Iň ýamanam alasarmyklyk. Nägümanalyk. Ýigit gutularmy, gutulmazmy? Gutulaýanda-da kakalygynyň gepine gidip Gökbörä töhmet atarmy ýa ynsabyna bakarmy?
Her niçik hem bolsa, Gökböri onuň ýa hatda kakalygynyň göwni üçinem ýalan sözlemejekdigine ynanýar. Diňe özüniň beladan gutulmagy üçinem däl-de, ony sulhunyň alandygy üçin ol onuň sag-aman sagalyp gitmegini dileýär. «Eger-de bar zat tersine bolaýanlygynda nähili bor» diýip, ykbalynyň ters tarapyny yzarlap görýär. Ölçerýär, dökýär. Köp zatlary öwrüp-çöwrüp görýär. Näme ýyl berenlerinde näçeräk ýaşlarynda dolanyp geljekdigini hasaplaýar. Zerkäkiliňkinem hasaplaýar. «Men-ä hiç, kyn-u-aňsat ölmesem möhletimi dolduryp gerin welin, şoňa kyn bolar» diýende bokurdagy dolup gözlerine ýaş aýlanýar. Şondan soň-a asylam gözlerine uky gelenok.

* * *

...Ýedi gün diýlende, ir bilen gelip, oňa goş-golamy bilen daş çykmalydygyny aýtdylar.
Bu hoş habardy. Bendä: «Goşuň bilen çyk...» diýildigi, «Sen boş» diýildigidi.
Ony naçalnigiň ýanyna eltdiler. Olar ýaly zatlar bilen öwrenişip, teni gatap giden naçalnigiň ýüzüne hiç hili hoşnutlyk alamatlaryny çaýmady.
― Peleňow, sen boş. Ýigit özüne geldi. Heläkçilige siziň hiç hili dahylyňyzyň ýokdugyny aýtdy. Özem, ol mümkin bolsa senden öz ýanyna baryp gaýtmagyňy haýyş etdi...
― Ýest, ýoldaş naçalnik, şon-a özümem göwnümde niýetläp otyrdym.
― Bar, gaýdyp bular ýaly işe ulaşmajak bol. Bizdenem gaty görme, işimiz şeýle...
― Düşünýän, ýoldaş naçalnik.
...Edil gapydan çykan ýerinde Gökbörä aklawjysy sataşdy. Salamlaşdy.
― Eşitdiňmi?
Aklawjy aýaklarynyň üstünde bökjekledi.
― Ýok. Nämäni? Näm bolupdyr?
― Syrkaw özüne gelipdir. Oňyn görkezme beripdir. Men boş. Boşatdylar. Gidiber diýdiler.
Aklawjy garaçyny bilen begendi.
― Bolaýypdyr.
― Men şol ýigidiň halyny sorap gaýtjak. Belki, bile gideris?
― Elbetde, elbetde...
...Gökbörä gözi düşenden Kakageldi krowadyndan haýallyk bilen galdy we usullyk bilen gujaklaşdy. Sebäbi onuň endamynda saralgy ýeri köpdi. Bir eli bolsa boýnundan asylgydy. Ol aklawjy bilenem elleşip görüşdi. Krowadyň aýak ujundan ýer görkezdi. Gökbörä bolsa başujundaky tumboçkanyň ýanynda duran oturgyjy görkezdi. Hamala ejir çekmedik ýaly, şol bir alçaklygy, badyhowalygy bilen:
― Men zerarly tas, ýene-de bulaşaýan ekeniň-ow, agam...
― Howwa... belanyň bäri ýanyndan gaýtdyk. Görkezme bereniňde bilýämidiň meniň kimdigimi?
― Ýok. Bilemokdym. Ony maňa soň, kakam aýtdy. Sen ganym duşmanyňy gorapsyň, aryňy köýdüripsiň, hälem bolsa görkezmäňi yzyna al-da, aryňy ýerine sal, diýdi. Men: «Hiý, beýle töhmet bilenem bir adamyň bagtyny garaldyp bormy, diýdim. «Ol adam däl, ganhor, «golowarez», diýdi. Etmedim. Sülçä görkezme beren wagtym şol adamyň kimdigini bilýänem bolsam, şol bir beren jogabymy bererdim, diýdim. Şondan soň öýkeläp gitdi.
― Ol hiç ýerigem gidenok, daşarda otyr.
― Şolar ýaly «wyhodkalary» bilen ol hem meni ýadatdy. Şundan gutulsam men ondan geçermikäm diýýän. Belki, öz raýonymyza giderin. Ana, şonda ikimiz dostlarça gatnaşarys.
― Beýtme, inim. Näme-de bolsa, ol seni ýaşlygyňdan ekläpdir, saklapdyr. Ulaldypdyr. Kemala gelen günüň duluny depip gitseň gelşiksiz bor. Häzirki ýaly hüçjetiňde berk dursaň bolany. Raýona welin barma. Günde-günaşa görşüp durmak biziň peýdamyza bolmaz. Diýseň-diýmeseň seniň ýadyňa-ha bagyr awusy düşer, menem her gezek namys oduna örtenerin. Gowusy mundan soň ikimize görüşmezlik. Men saňa işiňde-de, maşgala durmuşyňda-da, gowulyklar, üstünlikler arzuw edýärin. Indi bolsa hoş...
Kakyş ýene-de öňküsi ýaly haýallyk bilen ýerinden turdy-da, myhmany bilen öňküdenem has seresaply döşleşdi. Aklawja tarabam abat elini galgatdy-da, özüni krowada goýberdi. Ilk-ä ýüzin düşdi, soňam aňyrsyna öwrüldi.

* * *

...Zerkäkil indi söýgülisini krowatdan düşüp, örboýuna galyp garşy aldy.
― Indi bir gelişleýin geldiňmi, boz gurdum, ak arslanym, Gökbörim...
Gökböri ony garsa gujaklady.
― Howwa, meniň zer käkilli, gözleri ýolumda galan gelinligim...
Zerkäkil ýigidiň entegem aýazyň ysy köwsarlap duran döşüne solgun ýaňaklaryny oýkap durşuna:
― Bar onda, Omar daga aýt, Allak mollany alyp gelsinler. Onda-da juda çalt alyp gelsinler ― diýdi.
Şol gije nika gyýyldy. «Ýaşlar» otuz iki ýyl bäri ýetip bilmän ýören arzuwlaryna ýetdiler.
Şol günüň ertesi Gökböri öten-geçenleriniň, çeken jebir-jepalarynyň, Zerkäkil ikisiniň başlaryndan inen muşakgatlyklaryň sowlup gidendikleriniň hatyrasyna bütin obany ýygnap, uly sadaka berdi. Ondan soň üç günläp toý etdi.
...Köp garaşdyran arzyly günler başlandy.

Soñy.

Maý-awgust. 2020 ý. Aşgabat.

Juma HUDAÝGULY.

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir