Käbir adam bar, uky düşeginde ýatan ýerinden, öz aňlarynda jahan urşuny turzup, dawa-jenjeli gozgaýar. Onsoň her gün aňda gaýtalanýan bu “uruş” olaryň egnine hakyky labryny atyp başlaýar. Bularyň aň harasadyndan gazanýan zady näme: aşgazan agyrysy, gan basyşy, süýji kesel ýaly “oljalar”.
Olar bütin dünýäde bolup geçýän wakalara, hadysalara oturan ýerlerinden ýanyp-bişýärler. Gymmatlap barýan bahalara janlaryny ýakýarlar. Gijigip ýagan ýagşa öjükýärler. Puluň hümmeti düşüberse, birahat bolýarlar. Elmydama şeýle başagaýlygyň we başyňy sämedip duran ynjalyksyzlygyň içinde gezýärler. Gulaga ilen her bir gykylygy özlerine aýdylandyr öýdýärler.
Saňa berjek nesihatym: dünýäniň derdini depäňde göterip ýörme. Wakalary, hadysalary ýeriň üstünde, öz ýerinde, öz ugruna goý. Onuň agramyny aşgazanyňa atma. Tüssesini, ýalnyny içegeleriňe salma. Käbir adamyň ýüregi bolgusyz gep- gürrüňleri we ýalan-ýaramaz habarlary özüne sorup alýan esgi ýalydyr: ýönekeýje zatlara ynjalykdan gaçyp, gelýän her bir habara sandyraşyp, sähel zada tolgunyp otyr. Şeýle ýürek her gezek uranda, öz eýesiniň ömründen bir ädimlik ýoly gysgaldyp bilýändigini unutma! Ýüregiňi gemirýän, süňňüňi ýumurýan bu pikirlere bendi-ýesir bolma!
Durmuşdan alýan ybratlary we päsgelçiliklerden toplaýan wagyz-ündewleri hak ýola eýerýänleriň ynanjyna ynam goşýar. Yrga, durnuksyz adamlar üçin bolsa her bir çybşyldy olaryň zenzelesine gorky goşýar.
Gaý-tupanlaryň we külpetleriň öňünde durmak üçin gaýduwsyz ýürekden gaýry peýdaly zat ýokdur. Çünki gaýduwsyz, gorkusyz gerçekler giň göwünli, durnukly, tutarykly, maksada okgunly, sowuk beýnili, açyk göwünli bolýarlar. Gorkak-namartlar, ejiz-nalajedeýinler bolsa bolar-bolmaz oý-hyýallar, bolgusyz myş-myşlar, ýerliksiz dowullar, gorky-howsalalar, ham-hyýallar gylyjy bilen her günde öz tenlerini müňlerçe gezek dilim-dilim edýärler.
Endigan, asuda durmuş isleýän bolsaň, kynçylyklaryň ýüzüne mertlik we çydamlylyk bilen bak. Seniň sähel ýöwselläniňe akyly ýetmeýän adamlar äsgermezlik bilen bakmasyn. Şeýle hem olaryň edýän mekirliklerinden ýaňa darykma. Ýüze çykýan wakalaryň öňünde gaýym dur, çökgünlik ýellerinden başyňy dik tut, harasatlardan güýçli bol. Ýüregi ejizlerden bolma! Ýaşaýşa has höwesek çemeleş! Dünýäniň derdine baş agyrdyp, günüňi çaýkama! Elmydama Alladan geljek goldawa garaş, şonda sen onuň berjek ynjalygyna, rahatlygyna gowşarsyň.


Aid al-Karni
Gamgyn bolma!
Arap dilinden terjime eden
RAHMET GYLYJOW

çeşme: Dostluk.ru

Edebiýat, yyldyz. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir