Bir gün ogluň bolar.
Gyzyňam bolar.
(Şu gezeg-ä gyz bolaýjak öýdýän)
Haýsy bolanda-da parhy ýok maňa.
Owalda Allanyň halany bolar.
Ýöne ap-ak mämelerňi sokjalap
Emýän balajygy gujagňa gysyp,
"Bile bir düşekden örmedik" diýip,
"Söýgimiziň miwelerniň jykyrdap
Öýmüzi bazara öwrüşlerini
Bile buýsanmadyk, görmedik" diýip,
Göwsüňe ymtylýan ümbilmez çagaň
Ýelniňi ýeňledip bolarna çenli
Böwrüňe diň salyp oýa çümeňde
Sýurprizden doly ýükli günleriň
Durmuş kerwensaraýynda goş ýazyp,
Bizi ýene birikdirse birsellem,
Dil bilen aýdaňda düşnüp bolmajak
Geňsi duýgularyň tug deý pasyrdap,
Gaýdyp görmesegem bir-birimizi,
Gurhan ýaly çagalara bakanda
Dünýäň döwranyny sürýän deý bile
Elýetmez duýgyny bagş etjegini,
Galanja ömrüňde armansyz, gamsyz
Ykbalyňdan razy bolup gitjegňi
Bilýänem dälsiň...
Has TÜRKMEN
......
-
Pegas
3 years ago
- Salam. Şükür, özüň niçik? Soraý.
-
soho
3 years ago
- name uçindir blmk shu @wagt agzañ goshgularyny gowy goryan...
-
Xyivenia
3 years ago
- Ozumem gowy Hudaya sukur. Kicirak zat sizin bir gosgynyzy paylassam bolyarmy ?
-
Pegas
3 years ago
- Paýlaşyber arkaýyn.
-
Xyivenia
3 years ago
- Sagbolun agam :)
-
A93
3 years ago
- Tug pasyrdamaýar. Tug parlaýar. O pasyrdaýan zat kepderidir
Xyivenia 3 years ago- Salam @Pegas! Gowumysynyz bagyslan sizden bir zat sorajakdym