Braziliýa futbol boýunça dünýä çempionatynda Serbiýadan üstün çykdy
Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Katardaky Dünýä çempionaty — 2022-niň toparlaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Serbiýadan üstün çykdy.
Lusailde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Braziliýanyň düzüminde Rişarlison dubl etdi (62-nji, 73-nji minutlar).
Braziliýa we Serbiýa G toparda çykyş edýär, şeýle hem bu toparda...
Ronaldunyň goly Portugaliýa Ganadan üstün çykmaga kömek etdi
Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Katarda Dünýä çempionaty - 2022-niň birinji duşuşygynda Ganadan gelen garşydaşlaryndan üstün çykdylar.
Dohada geçirilen duşuşyk 3:2 hasabynda tamamlandy. Portugaliýanyň düzüminden Kriştianu Ronaldu (65-nji minut, pen.) Žoau Feliks (78) we Rafael Leau (80) tapawutlandy. Ganadan Andre Aýuw (73) we...
Urugwaý bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky duşuşyk deňme-deňlikde tamamlandy
Katarda geçirilýän Dünýä çempionaty 2022-niň toparlaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Urugwaýyň we Günorta Koreýanyň ýygyndylarynyň duşuşygy deňme-deňlikde tamamlandy.
«Edýukeýşn Siti» stadionynda geçirilen duşuşyk 0:0 hasap bilen tamamlandy.
Urugwaý we Günorta Koreýa H topara degişli, olardan başga-da bu toparda Portugaliýa we Gana...
Türkmenistanda zähmet haklaryny 10% ýokarlandyrmak meselesine gaýtadan serediler
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky soraga ýene-de bir gezek seretmelidigini belledi.
Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni geçirilen Türkmenistany...
Halk Maslahaty 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny gaýtadan seretmek üçin Mejlise gaýtardy
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň taslamasyny üstünde işlemek üçin Milli Geňeşiň Mejlisine gaýtarmagy teklip etdi. Şondan soňra ony Halk Maslahatyna gaýtadan seretmäge bermeli. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji noýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde aýtdy.
Halk Masl...
Milli Geňeşiň Halk Maslahaty 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini maslahatlaşdy
23-nji noýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.
Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisine Halk Maslahatynyň 56 agzasyndan 54-si, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik...
Serdar Berdimuhamedow CNPC-niň ýolbaşçysy bilen gaz hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy
20-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezident hem-de HHR-iň iri korporasiýasynyň ýolbaşçysy bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir aly...
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (20.06 — 26.06)
Öňümizdäki hepde Türkmenistanda temperatura ortaça +35 derejeden ýokary bolar, käbir günlerde bolsa howanyň +44 derejä çenli yssy bolmagyna garaşylýar diýip, howa maglumaty gullugy habar berýär.
Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri howanyň aňrybaş temperaturasy +35 derejede saklanar. Çarşenbe güni termometriň sütünjigi +3...
ABŞ-da 5 ýaşdan kiçi çagalara COVID-19-a garşy sanjym edilip başlanar
Indiki hepdeden, ABŞ-da bäş ýaşdan kiçi çagalara COVID-19-a garşy sanjym edilip başlanar. Bu barada, Interfaks Associated Press-e salgylanyp habar berýär.
ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik ediş we öňüni alyş merkezleri (CDC) şenbe güni Pfizer-iň we Moderna-nyň derman serişdelerini makullady. Pfizer-iň üç komponentli waksinasy alty aýdan dört ýaş...
Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde 5,5 müň adamlyk metjit gurlar
Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde 5 müň 500 adama niýetlenilen döwrebap metjidi gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparynyň barşynda merkeziň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, edara ediş merkeziniň ş...
Ukraina 2023-nji ýylda “Ýewrowideniýäni” kabul edip bilmez
Ukraina 2023-nji ýylda “Ýewrowideniýäni” kabul edip bilmez diýlip, bäsleşigiň guramaçysy bolan Ýewropanyň ýaýlym birleşiginiň beýanynda aýdylýar. Muny RIA Nowosti ýetirýär.
“Obýektiw seljermeden soň, “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşiginiň referent topary we dolandyryjylar geňeşi häzirki şertleri, howpsuzlyk ýagdaýyny we ýaýlymçy tarapynd...
Hytaýda dünýädäki ilkinji kosmos elektrostansiýasynyň toplumy guruldy
Hytaýyň Sidian uniwersiteti kosmos Gün energiýasynyň ýerüsti synaglary üçin dünýädäki ilkinji toplumlaýyn ulgamyň gurluşygyny tamamlady. Hytaýyň demirgazygyndaky Sian şäherindäki Sidian uniwersitetiniň günorta şäherçesinde ýerleşen beýikligi 75 metr bolan polat gurluşy kosmos Gün energiýasynyň (space-based solar power, SBSP) konsepsiýalaryny barlam...
UFC-niň çempiony Sterling sentýabrda iň ýeňil agramda guşagyny gorar
Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) çempiony Aljameýn Sterling sentýabr aýynda titul goragyny geçirer. Bu barada MMA Fighting habar berýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.
Sterlingiň garşydaşy Ti Jeý Dillaşou bolup, söweş 10-njy sentýabrda UFC 279 turniriniň çäginde meýilleşdirilýär. Söweşiň geçiriljek ýeri soňrak yglan ediler.
Aprel aýynd...
Ýedidogan kim?
Türkmenistanda ilkinji bolup dürli görnüşli kagyz gaplama önümçiligi bilen meşgullanyp başlan «Ýedidogan» kärhanasy polietilen torbalarynyň ulanylyşyny azaltmagy hem-de kagyz torbalaryny adamlarda endige öwürmegi, şonuň bilen birlikde, eko-medeniýetini ösdürmegi baş maksady edinýär.
Önümçilikde Germaniýanyň enjamlaryny ulanmak bilen bir hata...
Müsür syýahatçylar üçin COVID-çäklendirmeleriň ählisini ýatyrdy
Müsüriň Ministrler Kabineti epidemiologik ýagdaýyň kadalaşmagy we sanjym işleriniň depgininiň ýokarylygy bilen bagly ýurduň öz raýatlary üçin hem-de daşary ýurtly syýahatçylaryň ýurda gelmegi babatda koronawirus çäklendirmeleriniň ählisini ýatyrmak kararyna geldi diýip, Sada El Balad portalyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär.
"Ýurd...
Serdar Berdimuhamedow Maryda haj zyýaratynyň sadakasyny berdi
17-nji iýunda Mary welaýatyna toý saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatyň “Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda gurlan, köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3 müň orunlyk binanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu...
«Geranda» esasy baýragy 3 awtoulag bolan aksiýa başlaýar
Ýerli brendimiz bolan «Geran» egin-eşikleri «Geran — siziň rahatlygyňyz üçin dörän» diýen şygary göz öňünde tutup, ýene-de siziň rahatlygyňyz üçin uly aksiýa başlamakçy bolýar.
«Geran» dükanlarynda utuşly lotoreýalar beriljekdigini size habar berýär. «Bijeli oglan aglamaz» diýlişi ýaly, bijeli lotoreýamyz hakyky çekilşik bolup, adalatly sowg...
Ilon Mask we onuň kompaniýalary Dogecoin-piramidasyny döretmekde aýyplandy
Ilon Maska hem-de onuň Tesla, Space Exploration Technologies Gorp (SpaceX) kompaniýalaryna Dogecoin kriptowalýutasyny öňe sürendikleri üçin 258 mlrd dollarlyk kazyýet arzasy bildirildi diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.
Arzaçy Kit Jonson Mask bilen onuň kompaniýasynyň Dogecoin-niň bahasyny galdyrmak üçin aldawçy tilsimi döredendiklerin...
Ýagşymyradow «Kurulyş: Osman» serialynyň 3-nji möwsüminiň ahyrynda peýda bolar
Garyşyk söweşiň türkmen wekili Döwletjan Ýagşymyradow «Kurulyş: Osman» taryhy serialyň üçünji möwsüminiň jemleýji seriýasynda düşdi.
Türkmenistanly pälwanyň surata düşen 98-nji seriýasy ATV teleýaýlymynda 15-nji iýunda görkezilipdi diýip, Turkmenportal habar berýär.
Ýagşymyradow taryhy serialda Konýadan Balabanyň keşbini ýerine ýetir...
Serdar Berdimuhamedow bilen Ebrahim Raisiniň Bilelikdäki Beýannamasynda nämeler göz öňünde tutulýar?
15-nji iýunda geçirilen Tähran duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekildi. Onda taraplaryň taryhdan gelip çykýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan, strategik häsiýete eýe...