BMGÖM-iň Ýewropa we GDA boýunça sebitleýin edarasynyň müdiri Iwana Žiwkowiç 10 — 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek «Dialog — parahatçylygyň kepili» halkara forumyna gatnaşmak üçin ilkinji gezek Türkmenistana sapar bilen geler diýip, Halkara maglumat merkezi habar berýär. Saparyň dowamynda Žiwkowiç ýokary derejeli döwlet işgärleri bilen duşuşyp, Türkmenistan bilen BMGÖM-iň arasynda saglygy goraýyş, sanly özgerişler we durmuş goraglylygy pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşar. Şeýle hem myhman BMGÖM tarapyndan goldaw berilýän lukmançylyk edaralaryna baryp görer we saglygy goraýyş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine ösen ykjam PCR-barlaghanasyny gowşurar. Şeýle hem, saparyň dowamynda Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň BMGÖM-iň maýyplaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça başlangyjynyň çäklerinde abatlanylan karton we çap ussahanasyna baryp görmek meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir