Şu gün — 8-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, şeýle-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň 11 aýynda milli parlament tarapyndan ýurduň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 5 maslahat geçirildi. Olaryň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 49-sy we Mejlisiň kararlarynyň 51-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda Konstitusion kanunlaryň 3-si, şeýle hem «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda», «Arkadag şäheri hakynda», «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda», «Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de halkara konwensiýalara goşulmak hakynda kanunlaryň birnäçesi, Türkmenistanyň käbir kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky kanunlar bar. Şeýle-de Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan birnäçe kanunlaryň taslamalaryny, hususan-da, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi hakyndaky hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak işiniň dowam etdirilýändigi barada hem aýdyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Bu işleri ýerine ýetirmekde öňdebaryjy halkara tejribeden ugur almagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. Soňra wise-premýerler hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, şol sanda baýramçylyk dabaralary, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň uly üstünliklere eýe bolýandygyny aýdyň görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýylyň tamamlanmagyna az wagtyň galandygyny belledi. Şoňa görä-de, şu ýyly gowy netijeler bilen jemläp, täze, 2024-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin degişli işleri alyp barmagyň zerurdygy nygtaldy.