Finlýandiýada mähnet saçakçylary tapyp başladylar diýip, «EADaily» neşirine salgylanýan «News.ru» ýazýar. Uzynlygy 3 santimetrden hem geçýän saçakçyny ýurduň ilat sany boýunça bäşinji şäheri bolan Ouluda tapdylar. Ýerli uniwersitetde saçakçylaryň bu görnüşiniň öň ýurtda duşmandygyny aýdýarlar. Ýerli öwrenijiler oňa şöhle saçýan gara-goňur reňki üçin «Periplaneta fuliginosa» (Külreňk saçakçy) diýip at berdiler. Alymlar saçakçylar ýurda halkara ulaglary arkaly düşen bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir