Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynda soňky on bir aýyň içinde 30 müň kub metrden gowrak gurama demir-beton öndürildi. Ýylyň başyndan bäri sarp edijileriň zerurlyklary üçin bahasy 53 million manatdan gowrak dürli önüm öndürildi we olaryň 50-den gowrak görnüşi bar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi. Bulara uly panelli köp öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda ulanylýan diwar panelleri, porruk plitalar, suw geçirijileri üçin demir-beton turbalar we beýlekiler girýär diýlip, habarda bellenilýär. Habarda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Daşoguzyň demir-beton önümleri zawody sebitde senagatyň öňdebaryjy kärhanalaryndan biri boldy. Önümçilik tabşyryklaryny her ýyl ýerine ýetirmek bilen kärhana ýurduň demirgazygynda gurluşygyň, şol sanda ýaşaýyş jaý gurluşygynyň-da möçberini artdyrmaga we infrastruktura desgalaryny ösdürmäge uly goşant goşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir