Ilki Hytaýda hasaba alnan mikoplazma öýken sowuklamasynyň ýokanjy bilen bagly ýagdaý ýaramazlaşýar, kesel indi Daniýada, Fransiýada, Niderlandlarda we Russiýada hasaba alyndy diýip, «Habar 24» ýazýar. Noýabryň başynda Hytaýyň Milli saglygy goraýyş komissiýasy ýurtda öýken-dem alyş ýollarynyň sowuklamasyna, şol sanda mikoplazma pnewmoniýasyna ýolugan hassalaryň sanynyň artýandygyny habar berdi. Hassalaryň ortaça ýaşy 5-12 ýaş aralygyndadyr. Ýokanç, esasan, içki agzalara, bogunlara we nerw ulgamyna howp salýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir