Dekabr aýynyň ikinji ýarymynda Türkmenistandan inžener-tehniki hünärmenler topary Owganystana baryp, goňşy ýurtda demirýol gurluşygynyň şertleri bilen tanyşarlar we taslamalaryň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy üçin maglumat ýygnarlar. Bu barada iki ýurduň demirýol ýolbaşçylarynyň Aşgabatda geçen gepleşiklerinde ylalaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Metbugat gullugynyň habaryna görä, türkmen we owgan hünärmenleri Owganystanda demir ýollaryň gurluşygy we halkara ýük daşamagyň işjeňleşdirilmegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem ozal türkmenistanly ýol gurluşykçylary tarapyndan çekilen 30 kilometrlik Akina — Andhoý demirýol şahasynyň uzynlygy 10 km bolan Andhoý — Şibirgan böleginiň gurluşygynyň dowam etdirilmegi meselesine we Turgundy — Sanabar — Hyrat taslamasyna garaldy. Habarda bellenilişi ýaly, dört gün dowam eden duşuşykda taraplar tehniki hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe çäre babatynda ylalaşyga geldiler. Muny amaly taýdan ösdürmek üçin sazlamany gowulandyrjak bilelikdäki komitet döretmek kararyna gelindi. Nyrh syýasatyny we ýük daşamagyň nyrhlarynyň emele gelşini gowulandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meseleler-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň ýene bir mowzugy demirýol boýunça ýük daşamak babatdaky gündelik maglumatyň müdirlikler arasynda alyş-çalşygyny ýola goýmakdan ybarat boldy. Owgan tarapy demir ýolunyň Mazar-i-Şerife çenli çekilmegine gyzyklanma bildirdi. Gepleşiklerde hem ikitaraplaýyn söwdanyň, hem-de Owganystanyň beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwdasynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, demirýol arkaly ýük dolanyşygyny artdyrmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Owganystanyň demirýol müdirliginiň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen Lapis-Lazuli geçelgesiniň uzaldylmagy we üstaşyr geçiş mümkinçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem beýleki ýurtlardan, şol sanda Hindistandan we Pakistandan ýük akymlaryny çekmek üçin täsirli multimodal ulag ülňülerini döretmek meselesinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirdi. Bazary öwrenmek we isleg bildirilýän ulag hyzmatlaryny seljermek üçin logistika şereketleriniň gatnaşmagynda geljekde türkmen wekiliýetiniň goňşy ýurda sapary göz öňünde tutulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir