«Türkmenhowaýollary» agentligi 2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýolagçy we ýük daşmalaryň sanyny takmynan iki esse artdyrdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren hasabatynda aýtdy. M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,5 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 117 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 199 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 105,2 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça hem 111,5 göterime barabar boldy. Hasabatyň dowamynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada-da aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, ýurduň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumy üçin niýetlenen önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berildi. Hasabatyň dowamynda daşary ýurtlar bilen ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleriniň netijeleri barada aýdyldy. Şeýle hem agentligiň ýolbaşçysy hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmäge bagyşlanyp geçirilen sergiler, forumlar we beýleki çäreler barada aýtdy. Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agentligiň ýolbaşçysyna gözegçilik edýän edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir