Şu gün, 8-nji dekabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 12-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda «Ahal» topary «Merw» bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär. Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk 4:0 hasabynda “Ahalyň” peýdasyna tamamlandy. Gazanan bu ýeňşinden soň 29 utuk toplan «Ahal» topary ýaryş tertibinde bäşinji orny eýeleýär. 13 utugy bolan «Merw» soňky, 9-njy orunda ornaşdy. «Ahal» – «Merw» – 4:0 Gollar: 17 Şöhrat Söýünow, 41 Gurbanmuhammet Esenow, 79 Gurban Annaýew, 90+2 Alibek Abdyrahmanow.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir