BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EСOSOС) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan biragyzdan guramanyň Ilat we ösüş komissiýasyna 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalyga saýlandy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün — 8-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy. Döwlet Baştutany BMG-den gelip gowşan bu hoş habara ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, munuň özi Türkmenistanda her bir raýaty abadan, bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda edilýän taýsyz tagallalaryň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem bu her bir güni ösüşlere beslenýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwer durmuş syýasatynyň dünýäde uly goldaw tapýandygynyň ýene-de bir nyşanydyr. Prezident Serdar Berdimuhamedow geljekde hem türkmen halkynyň abadan, bagtyýar we asuda durmuşyny üpjün etmek ugrunda ähli zerur işleriň amala aşyryljakdygyny belläp, ähli watandaşlaryny bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.