Türkmenistanyň öýjükli «Altyn Asyr» milli operatory täze 71 koduny işe girizdi. Bu barada HHM habar berdi. Ozal bu ykjam operator diňe 61, 62, 63, 64 we 65 kodlary ulanýardy. Täze tor kody boýunça halkara formatdaky telefon belgileri + 99371xxxxxx belgi bilen görkeziler. Ilatyň isleglerini we zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin täze tor kody işe girizildi. 71-lik bilen başlaýan tor kody, «Altyn Asyr» öýjükli operatorynyň ähli nokatlarynda elýeterli bahadan alyp bolar. Ýeri gelende bellesek, «Altyn Asyr» milli operatory 2004-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň raýatlaryna hyzmat edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir