8-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň 2023-nji ýylyň 11 aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi. Döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijileri barada hasabat berildi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işi seljerildi. Halkara hyzmatdaşlygy pudagynda gazanylan üstünlikler bellendi, şeýle hem Türkmenistanydurnukly ösdürmek boýunça mundan beýläkki işleriň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi. 2023-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça esasy san görkezijileri: Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3%-e deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,6% artdy. Bölek satuw haryt dolanyşygy 9,9% köpeldi. Oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini 2,6%-e barabar boldy. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 2,7%-e deň boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 9 %-e, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 9,4%-e göterime deň boldy. Ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 3,9%-e, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 5,1%-e deň boldy. «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 199%-e barabar boldy. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 27 müň 762 sany şertnama hasaba alyndy. Türkmenistanyň Mejlisi kanunlaryň 49-syny, kararlarynyň 51-sini kabul etdi. Şeýle hem daşary ýurtlaryň ilçilerinden ynanç hatlarynyň 27-si kabul edildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetiren 250 resminama gol çekildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 26 sergi we 78 maslahat gurady. Türkmen türgenleri dürli halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp, jemi 739 medal gazandylar Kanun çykaryjylyk Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe kanunlaryň taslamalaryny, hususan-da, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak, şeýle hem gidrometeorologiýa işi hakyndaky hukuk namalarynyň taslamalarynytaýýarlamagyň üstünde işleýär. Halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamasy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna biragyzdan saýlanyldy. Oba hojalygy Türkmenistanyň oba hojalyk işgärleri bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini alyp barýarlar. Ähli welaýatlarda pagta hasylyny ýygnamak, Mary welaýatynda bolsa ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri geçirilýär we oba hojalyk tehnikalary möwsüme taýýarlanylýar. Wakalar 14-nji dekabrda Aşgabatda we Türkmenistanyň welaýatlarynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir