Düwmeli «Nokia 1100» taryhda iň meşhur jübi telefony boldy. «Visual Capitalist» portaly iň köp satylan enjamlaryň sanawyny düzdi. Çeşmä görä, sanawyň birinji ornuny 2003-nji ýylda çykan «Nokia 1100» eýeledi, alty ýylda onuň 250 million nusgasy satylypdyr. Ikinji orny 248 million enjamdan biraz pes görkezijisi bolan, bu brendiň ýene bir düwmeli modeli – «Nokia 1110» eýeledi. Iň meşhur enjamlaryň üçlüginde «iPhone 6» we «6 Plus» (222 million nusga) hem orun aldy. Onuň uly sensorly ekrany bolan jübi telefonlarynyň eýýamyny açandygy we häzirki döwürde iň köp satylan smartfon bolmagynda galýandygy bellenilýär. Ilkinji bäşlige «Nokia 105» (200 million nusgada satyldy), şeýle hem «iPhone 6s» we «6s Plus» (174 million nusga) girdi. Olardan aşakda fin we amerikan brendleriniň beýleki modelleri ýerleşdi. Şol bir wagtyň özünde, düwmeli «Samsung E1100» ilkinji ýigrimilikde 11-nji orny, eplenýän «Motorola Razr V3» bolsa 17-nji orny eýeledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir