Amerikanyň Kinematografiýa sungatlary we ylymlary akademiýasy 96-njy «Oskar» baýragyna dalaşgärleriň atlaryny yglan etdi. Dalaşgärleriň atlary göni ýaýlymda yglan edildi, onuň ýazgysy baýragyň YouTube kanalynda ýerleşdirildi. Kristofer Nolanyň «Oppengeýmer» filmi iň köp dalaşgärlige hödürlenen film boldy – taslama 13 baýrak ugrunda göreşer. Aktrisa Emma Stounyň baş keşbi janlandyrmagynda «Görgüli biçäreler» filmi – 11, «Gül Aýynyň ganhorlary» – 10 ugur boýunça dalaşgär görkezildi. «Iň gowy film» baýragy ugrunda «Amerikan çeper edebiýaty», «Ýykylmagyň anatomiýasy», «Barbi», «Galdyrylanlar», «Gül Aýynyň ganhorlary», «Maestro», «Oppengeýmer», «Öňki durmuşlar» «Görgüli biçäreler» we «Gyzyklanma zolagy» filmleri bäsleşerler. «Iň gowy režissýor» baýragyna dalaşgärleriň hatarynda Žýustin Triýe («Ýykylmagyň anatomiýasy»), Martin Skorseze («Gül Aýynyň ganhorlary»), Kristofer Nolan («Oppengeýmer»), Ýorgos Lantimos («Görgüli biçäreler») we Jonatan Gleýzer («Gyzyklanma zolagy») bar. «Iň gowy erkek keşbi» diýen ugurda Bredli Kuper («Maestro»), Kolman Domingo («Rastin»), Jeffri Raýt («Amerikan çeper edebiýaty»), Pol Jamatti («Galdyrylanlar») we Killian Merfi («Oppengeýmer») dalaşgär görkezildi. Şol ugur boýunça zenanlaryň arasynda Annett Bening («Daýana Naýed»), Lili Gladstoun («Gül Aýynyň ganhorlary»), Sandra Hýuller («Ýykylmagyň anatomiýasy»), Keri Malligan («Maestro») we Emma Stoun («Görgüli biçäreler») dalaşgärlige hödürlendi. Baýrak gowşurylyş dabarasy 10-njy martda Los-Anjelesde geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir