Amerikanyň maglumat saklaýjy enjamlary öndürýän Seagate kompaniýasy rekord göwrümli içerki ýady bolan täze Exos 30 TB gaty diski hödürledi diýip, Gizmochina salgylanýan Ferra ýazýar. Täze önümiň esasy aýratynlygy gaty diskiň içinde aýlanýan magnit plastinalara köp mukdarda maglumat ýygnamaga mümkinçilik berýän Mozaic 3+ tehnologiýasynyň ulanylmagydyr. Bu adaty demir garyndyly magnit göterijileri has kiçi, has dykyz platina erginli nanobölejikler bilen çalyşmak arkaly gazanylýar. Bu şol bir fiziki giňişlikde has köp maglumatlary saklamaga mümkinçilik berýär. Mozaic 3+ tehnologiýasy adaty ýazgy usullaryndan has az güýç talap edýän lazer-goldawly ýazgy prosesini hem öz içine alýar. Exos 30TB diňe bir täsin galdyryjy göwrümi bilen tapawutlanmaýar. Şeýle hem az energiýa sarp edip, energiýa netijeliligine gönükdirilen maglumat merkezlerini özüne çekýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir