Her ýylda şowsuz filmlere gowşurylýan 44-nji «Altyn malina» baýragyna dalaşgärler yglan edildi. Bu barada çäräniň resmi web sahypasynda habar berildi. Skott Wonyň režissýorlyk eden «Saklap bolmaýanlar 4» filmi birbada ýedi ugurda dalaşgär görkezildi: «Iň erbet film», «Iň erbet režissýor», «Iň erbet ikinji derejeli aktýor», «Iň erbet ikinji derejeli aktrisa», «Iň erbet ekran dueti» we beýlekiler. «Şeýtany kowujy: Dindar» we «Winni Puh: Gan we bal» filmleri hem bu baýraga dalaşgärlik boýunça öňdäki orunlary eýelediler – gorky filmleri bäş ugurda dalaşgär görkezildi. «Şazam! Taňrylaryň gazaby» we «Garynja adam we Ary: Kwantomaniýa» kinokomiksleri dört ugurda dalaşgär görkezildi. «Iň erbet aktýor» baýragyna Jon Woýt, Win Dizel, Rassel Krou, Jeýson Steýtem we Kris Ewans hödürlendi. Şol ugur boýunça aktrisalaryň arasynda Ana de Armas, Jennifer Lopes, Helen Mirren, Megan Foks we Salma Haýek bellenildi. Şowsuz filmlere gowşurylýan «Altyn malina» baýragynyň gowşurylyş dabarasy 9-njy martda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir