2024-nji ýylda Halkara kosmos stansiýasynyň (ISS) bortunda 4D bioçap tehnologiýasyny ulanmak bilen dünýäde ilkinji synagy geçirilmek meýilleşdirilýär. Hünärmenler bu tehnologiýany ulanyp, turba şekilli beden agzalarynyň ekwiwalentini almak isleýärler diýip, Roskosmos-yň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko aýtdy. "4D bioçap tehnologiýasy peşew ýollary we uretro ýaly beden agzalarynyň ekwiwalentlerini almaga mümkinçilik döreder" – diýip, TASS Kononenkonyň sözlerini getirýär. Materiallaryň şekiliniň ýat täsirini ulanýan 4D bioçap tehnologiýasy MISiS Milli Gözleg Tehnologiýa Uniwersitetiniň hünärmenleri bilen bilelikde işlenip düzüldi. Kononenkonyň sözlerine görä, beýle synaglar inkär edip bolmajak derejede global ileri tutulýar, sebäbi beýle gözlegler ozal agramsyzlyk şertlerinde geçirilmedi. "Tehnologiýanyň mundan beýläk-de ösdürilmegi has çylşyrymly geometriýa, ýagny silindr şekilli gurluşlary döretmekden ybaratdyr" – diýip kosmonawt nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir