FAW-Volkswagen bilelikdäki kärhana iki sany komplektasiýada satyn alyp boljak täze Volkswagen Golf modelini hödürledi: Enjoy Edition we Expert Edition. Awtoulaglar Hytaýda degişlilikde 21 müň dollar we 21,3 müň dollar bahadan hödürlenýär diýip, autohome-e salgylanýan IXBT.com habar berýär. Awtoulagyň iki görnüşi hem rahatlyk we tehnologiýa, şeýle hem has kuwwatly güýç gurluşy taýdan dürli gowulaşmalar aldy. Enjoy Edition tokly sazlanýan oturgyçlar bukjasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Expert Edition modeli hem şuňa meňzeş paket we uzakdan dolandyrmak mümkinçiliklerine eýedir. Alyjylar sanly açary (smartfondan) we giňeldilen hakykat elementleri bolan nawigasiýa ulgamyny, şeýle hem ýazgy ediji kamerasyny alýarlar. Smartfon arkaly motory işledip we durzup, howa ulgamynyň sazlamalaryny uzakdan dolandyryp, gapylary gulplap hem açyp, şeýle-de, GPS nawigasiýasy arkaly awtoulay gözläp bilersiňiz. Awtoulaglar interaktiw nawigasiýa we 10 dýuýmlyk reňkli duýgur ekranly CNS3.0 maglumat-güýmenje ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Gural paneli 10,25 dýuýmlyk ekrana çenli täzelendi. Akylly ulag dolandyryşly, akylly nawigasiýaly, ses dolandyryşly ulag serişdeleriniň täze Internet ulgamy goşuldy. Sürüji gapdaldaky oturgyjyň 10 hili elektrik sazlamasy (4 hili guşaklyk sazlamasy) we ýat funksiýasy bar. Oturgyç ýady funksiýasyny çalt gurnamak üçin smartfon arkaly sürüjiniň hasabyna birikdirip bolýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir