Apple mundan beýläk iOS-da iPhone üçin del programma dükanlarynyň döredilmeginiň öňüni almazlyk kararyna geldi. Şeýle-de bolsa, olar häzirlikçe diňe Ýewropada elýeterli bolar diýip, “Çempionat” portaly habar berýär. Indi Ýewropadaky ulanyjylar programmalary diňe App Store-dan göçürip almak bilen çäklenmezler. Apple üçünji tarap dükanlarynda programmalar satylany üçin goşmaça töleg töletmez, ýöne dükanlaryň özünde degişli hil we ülňüler bolmaly, sebäbi platformalar korporatiw gözegçilige sezewar ediler. Şol bir wagtyň özünde, dükanlarda App Store-a girmeýän programmalar satylyp bilner. Üstesine, Apple indi App Store-da oýun akym programmalarynyň goýberilmegine rugsat berýändigini hem duýdansyz yglan etdi - bu, mysal üçin GeForce Now we Xbox Cloud Streaming-e degişlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir