Google özüniň Pixel 8 Pro smartfonyna bedeniň gyzgynlygyny ölçemäge mümkinçilik berýän täze aýratynlyk goşdy diýip, PhoneArena-a salgylanýan Ferra habar berýär. Bu täzelik Pixel Feature Drop täzelenmesinde elýeterli boldy. Enjamyň içindäki termometr indi ulanyjynyň bedeniniň gyzgynlygyny ölçäp biler. Ölçemekligi telefony ulanyjynyň maňlaýyna goýmak we haýallyk bilen dulugyna tarap süýşürmek bilen başlamaly. Programmany ilkinji gezek ulanmazdan ozal, kamera goşmaça rugsatlary bermeli. Şeýle hem, temperaturasy ölçelýän adamyň ýaş toparyny saýlamak maslahat berilýär: 0-3 aýlyk, 3-36 aýlyk ýa-da 3 ýaşdan ýokary. Netijeler kadaly, ýokary ýa-da çenden ýokary temperaturanyň reňk diapazonlarynda görkezilýär, soňra ol enjama we Fitbit yzarlaýjylaryna ýazga alnyp bilner. Häzirlikçe bu aýratynlyk diňe ABŞ-da elýeterlidir, sebäbi bu aýratynlyk üçin Google-yň sertifikaty çäklidir we işjeňleşdirme ulanyjynyň SIM kartasynyň ýerleşýän ýerine baglydyr. Şonuň üçin Pixel 8 Pro-nyň ulanyjylary ABŞ-dan başga ýerde bu aýratynlygy häzirlikçe ulanyp bilmezler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir