Microsoft korporasiýasy özüniň Microsoft Gaming-iň wideo oýun bölüminiň düzümine girýän Activision Blizzard, Xbox we ZeniMax kompýuter oýunlarynyň döredijilerinden 1,9 müň işgäri azaldar. Munuň kompaniýanyň işgärleriniň umumy sanynyň 8 göterimidigini The Verge portalyna salgylanýan TASS habar berýär. “Microsoft Gaming-iň we Activision Blizzard-yň ýolbaşçylary durnukly çykdajy gurluşy bilen bitewi ösüş strategiýasyna we anyk meýilnama eýe bolmaga borçlanýar […] Bu işiň çäginde 22 müň adamdan ybarat oýun bölümimizden 1,9 müň adam azaltmak üçin kyn karara geldik” diýip, Microsoft Gaming-iň başlygy Fil Spenseriň hatyna salgylanýan portal onuň sözlerini getirýär. Bu hatdan görnüşi ýalyişden çykarmaklyk, esasan, Activision Blizzard-yň işgärlerine täsir eder. Mundan başga-da, Microsoft-da 20 ýyldan gowrak işlän Maýk Ibarra Activision Blizzard-yň başlygy wezipesinden gider we kompaniýanyň baş dizaýneri hem-de esaslandyryjysy Allen Adam hem işden çykar. Microsoft geljek hepde Activision Blizzard-yň täze prezidentiniň adyny yglan etmegi meýilleşdirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir