Samsung kompaniýasynyň täze akylly ýüzügini günüň dowamynda barmagyňyzdan aýyrman dakynyp bilersiňiz. Bu barada SamMobile neşiri habar berýär. Pudak analitigi Awi Gringart Threads sosial ulgamynda Samsung-yň akylly ýüzüginiň prototipi bilen içgin tanyş bolandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Galaxy Ring-iň agramy örän az bolup, ulanyjy ony günüň dowamynda aýyrman dakynyp bilýär we hatda uky wagtynda hem aýyrman biler. Şeýle-de, ýüzügiň birnäçe ölçege eýe boljakdygy belli boldy. Maglumatlarda dewaýsyň üç ölçegde, şol sanda 13-lik ölçegde çykjakdygy görkezilýär. Analitik bu ýerde içki diametri 0,874 dýuým ýa-da 22,20 mm bolan ýüzügi göz öňünde tutýan bolmaly. Hünärmeniň aýtmagyna görä, ýüzügi saglygyňa, özüňi duýşuňa we uka gözegçilik etmek üçin ulanyp bolar. Köp ýagdaýda ol bazardaky Oura ýaly beýleki smart ýüzükleri ýatladyp biler. Akylly aksessuaryň çykjak senesi we bahasy häzirlikçe belli däl, ýöne Gringart Galaxy Ring-iň şu ýylyň dowamynda satuwa çykjakdygyna ynandyrýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir