Marsdaky Ýezero kraterinde dürli geologiki döwürlerde iki kölüň bolandygyny görkezýän subutnamalar tapyldy. Bu radar ulanyp, krateriň düýbündäki çökündileriň gurluşyny öwrenen Perseverance mars roweriniň kömegi bilen anyklandy diýip, Los-Anželesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň metbugat gullugyna (UCLA) salgylanýan TASS habar berýär. "Perseverance-iň bortunda oturdylan RIFMAX radary, dürli eroziýanyň netijesinde emele gelen gatlaklaryň arasynda ýerleşýän iki gat köl çökündi jynslaryny ýüze çykardy. Kölleriň bu yzlary Ýerdäki gaýa jynslaryna meňzeýär, bu Ýezero kraterinde suw howdanlarynyň bolandygy baradaky gipotezany tassyklaýar” – diýip, UCLA-nyň professory Dewid Peýjiň ýolbaşçylygyndaky Amerikan we Ýewropa planetolog alymlarynyň topary öz beýanynda aýtdy. Maglumatlar 2022-nji ýylyň maý-dekabr aýlary aralygynda Perseverance mars roweri tarapyndan ýygnaldy. Şol wagt NASA-nyň bäşinji roweri alymlaryň "Hawksbill Gap" we "Nukshack Ledge" diýip atlandyrýan Ýezero krateriniň düýbündäki iki sebitiň arasynda hereket edýärdi. Bu ýerler özara, takmynan, 700 m meýdany bölüşýär we şol bir wagtyň özünde krateriň düýbüniň dürli sebitlerinde ýerleşýär, olaryň birinde gadymy gury kölüň düýbi, beýlekisinde bolsa oňa akan mars derýasynyň deltasy bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir