Brýus Uillisiň aýaly onuň bile düşen täze suratlaryny paýlaşdy
Kino ýyldyzy Brýus Uillisiň aýaly Emma Heming-Uillis onuň bile palma agajynyň saýasynda düşen täze suratlaryny sosial ulgamdaky sahypasynda çap etdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
«Biz 16 ýyl bäri bile, meniň oňa söýgüm we hormatym ýylsaýyn artýar» diýip, aýaly ýazdy.
Aktýor geljekki aýaly Emma Heming bilen 2007-nji ýylda tanyşdylar, iki ýyl...
«Xiaomi» ilkinji elektrik ulagy bilen tanyşdyrdy
Hytaýyň sarp ediş elektronikasyny öndüriji «Xiaomi Corp.» kompaniýasy özüniň ilkinji elektrik ulagy bilen tanyşdyrdy, ol öňdäki 15-20 ýylda dünýäde öňdebaryjy awtoulag kompaniýasy bolmagy maksat edinýär diýip, «Interfax.ru» ýazýar.
SU7 (Speed Ultra) diýlip at berlen bäş orunlyk sedan akkumulýatoryna bir gezek güýç berlende, 800 kilometri geç...
Samsung Galaxy A15 LTE we Galaxy A15 5G hödürlendi
Samsung Galaxy A seriýaly iki sany smartfon hödürledi. Bular Galaxy A15 we Galaxy A25 5G modelleridir diýip, öndürijiniň habarlar portalynda aýdylýar. Oňa bäş ýyllyk howpsuzlyk täzelenmesi wada berilýär. Galaxy A15 iki wersiýada hödürlenýär: LTE we 5G.
Enjamlaryň arasyndaky tapawut dürli prosessorlarda we torlarda bolýar. Şeýlelikde, Galaxy...
Google kazyýet dawasynda Fortnite oýnuny işläp düzen Epic Games kompaniýasyndan utuldy
Fortnite oýnuny dörediji Epic Games kompaniýasy monopoliýa garşy kazyýet işinde Google kompaniýasyny ýeňdi we muny resmi web sahypasynda yglan etdi. Kazyýet ähli aýyplamalarda arzaçyny goldady. Epic Games Google-y bäsdeşleri basyp ýatyrmakda we programma işläp düzüjilerden 30% -e çenli esassyz ýokary töleg tölemekde günäkärledi. Arza berijiniň tala...
Hindistanly milliarder Londondaky iň gymmat jaýy satyn aldy
Hindistanly milliarder Adar Punawalla Londondaky iň gymmat aýratyn jaýy satyn aldy. Bu barada Financial Times gazetine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.
Gaýd Parkynyň golaýyndaky Meýfer sebitinde ýerleşýän, satyn alnan “Aberkonueý Haus” jaýynyň bahasy, takmynan, 138 mln funt sterlinge barabar. Umumy meýdany 2,3 müň inedördül metr bolan bu...
Haýsy ýurtlarda iň gowy şokoladlar öndürilýär
Dünýäde şokolad önümçiligi we üpjünçiligi bilen ýurtlaryň ençemesi meşgullanýar. Ýöne şu aşakda, ferra.ru saýtynyň pikiri boýunça, bu ugurda iň öňdebaryjy on ýurt görkezilýär:
ABŞ. Bu ýerde iň meşhur brendler Hershey, Mars ýaly brendler bolup, ähli şokoladlar ýokary hilli çig maldan öndürilýär.
Germaniýa. Bu Ýewropada iň uly şokolad ö...
Huawei Fransiýada zawod gurar
Hytaýyň Huawei korporasiýasy Ýewropadaky kynçylyklara garamazdan, Fransiýada zawod gurar. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, lenta.ru habar berýär.
Insaýderleriň maglumatlaryna görä, Huawei Fransiýada zawodyň gurluşygyna 2024-nji ýylda başlar. Çeşme IT ägirdiniň gurluşyga 2020-nji ýylda başlamagy meýilleşdirendigini we hatda 200 mln ý...
Mercedes-Benz Dubaýda kaşaň gökdirän bina gurar
Mercedes-Benz we meşhur arap öndürijisi Binghatti Properties bilelikdäki taslamasyny yglan etdi. Mercedes-Benz-iň ýörite döredilen bölümi Mercedes-Benz Places diýlip atlandyrylýan 65 gatly kaşaň markaly gökdirän binanyň döredilişine gatnaşar. Minara nemes awtoulag öndürijisiniň bu işde ilkinji tejribesi bolar we 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ilkinji...
Huawei dünýädäki iň inçe we iň ýeňil planşeti hödürledi
Huawei kompaniýasy özboluşly FreeClip nauşniklerini hödürlemek bilen bir hatarda MatePad Pro 13.2 planşetini dünýä bazaryna çykardy. Bu barada ixbt.com habar berýär.
Ýatladyp geçsek, bu planşet sentýabr aýynda hödürlendi. Onuň aýratynlygy, gurluşyň dünýädäki iň inçe we iň ýeňil uly planşet hökmünde belli bolmagydyr. 13,2 dýuým diagonally ekr...
Wideo oýunlary pudagynda dünýädäki iň uly sergi E3 hemişelik ýapyldy
Programma üpjünçiligini we wideo oýunlary öndürijileriň amerikan assosiasiýasy (ESA) 1995-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda her ýyl geçirilen oýun pudagynda dünýädäki iň uly sergi Electronic Entertainment Expo-nyň (E3) gutarnykly ýapylandygyny yglan etdi. Bu baradaky habar serginiň resmi saýtynda peýda boldy diýip, gazeta.ru habar berýär.
“...
Afrikada 2023-nji ýylyň iň gowy oýunçysy saýlandy
Nigeriýanyň milli ýygyndysynyň we Italiýanyň «Napoli» toparynyň hüjümçisi Wiktor Osimhen Afrika futbol konfederasiýasyna (CAF) görä, Afrikanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi.
«CAF Awards 2023» baýragynyň gowşurylyş dabarasy 11-nji dekabrda Marokkanyň Marrakeş şäherinde geçirildi. Osimhen 2023-nji ýylda «Napoli» toparyna 1990-njy ýyld...
FIFA-nyň «Iň gowy derwezeban» baýragyna dalaşgärler yglan edildi
Halkara futbol federasiýasy (FIFA) «Ýylyň iň gowy derwezebany» baýragyna üç dalaşgäri belledi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda bellenilýär.
Finalçylaryň sanawyna marokkaly Ýassin Bunu, belgiýaly Tibo Kurtua we braziliýaly Ederson girdi.
Bunu geçen möwsüm Ispaniýanyň «Sewilýa» toparynyň düzüminde Ýewropa ligasynda ýeňiji bold...
Apple enjamlaryňy özbaşdak abatlamak maksatnamasyny giňeltdi
Apple kompaniýasy Ýewropada we ABŞ-da enjamyňy özbaşdak abatlamak programmasynyň giňeldilendigini habar berdi. Indi iPhone 15 seriýaly ähli modelleriň we Apple M2 çipleri bolan Mac kompýuterleriniň, şol sanda 14 we 16 dýuýmlyk MacBook Pro-nyň, 15 dýuýmlyk MacBook Air-niň, Mac mini-niň, Mac Pro-nyň we Mac Studio-nyň ulanyjylary enjamlaryny özleri be...
Tesla iň täze Optimus Gen 2 gumanid robotyny görkezdi. Ol tans edip, aşhana işlerini edip bilýär
Tesla adamlara kömek etmek üçin dürli wezipeleri ýerine ýetirip biljek gumanid robotynyň indiki nesli bolan Optimus Gen 2-ni hödürledi.
Tesla adam zähmetiniň ornuny tutup, köp taraply bolup biljek gumanoid robot döretmek isleýär, ýöne köpler munuň gysga möhletde amala aşyryp boljakdygyna şübhelenýärler. Tesla pilotsyz awtoulag programmasynda...
Iň köp ýolagçyly awiagatnaw belli boldy
Singapur bilen Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpuryň arasyndaky uçuş gatnawy 2023-nji ýylyň jemi boýunça dünýäde iň meşhur gatnaw boldy. Bu barada Britaniýanyň OAG gözleg kompaniýasynyň reýtinginde aýdylýar diýip, interfax.ru habar berýär.
Geçip barýan ýylda bu ugur boýunça iki tarapa uçan uçarlarda 4,9 mln ýolagçy orny elýeterli boldy, bu bo...
Honda dünýä boýunça 4,5 million töweregi awtoulagyny yzyna çagyrar. Sebäp — ýangyç nasosynyň näsazlygy
Honda Motor ýangyç nasosynyň näsazlygy bilen bagly töwekgelçilik sebäpli, dünýäde takmynan 4,5 million ulagyny yzyna çagyrýar diýip, Reuters habar berýär.
Yza çagyryş ABŞ-da 2,54 million ulagy öz içine alýar we awtoulag öndürijisi ozal 2021-nji ýylda ABŞ-da 628 000 ulagy we 2020-nji ýylda 136 000 ulagy yzyna çagyrypdy. Şu aýyň başynda Honda...
Lexus täze hereketlendiriji bilen üpjün edilen UX krossowerini tanyşdyrdy
«Lexus» ABŞ-da täze gibrid hereketlendirijisi bilen üpjün edilen 2025-nji ýyl üçin niýetlenen «UX» krossoweriniň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy.
Gibrid hereketlendiriji iki litrlik benzin motoryny, ýeňil litiý-ion batareýasyny, iki motor-generatory we öwrüm pursatynda agramy öňdäki tekerlere geçirýän planetar reduktory öz içine alýar. Awtoul...
Resident Evil 4 Remake oýny iPhone smartfonlary üçin elýeterli boldy
«Capcom» ýapon wideo oýun kompaniýasy «Apple» korporasiýasynyň «iPhone» smartfonlarynda we «iPad» planşetlerinde meşhur gorkuly söweş oýny «Resident Evil 4-iň» täzelenen nusgasynyň çykaryljakdygyny habar berdi. Bu barada maglumat «Capcom-yň» resmi web sahypasynda peýda boldy.
2005-nji ýylda çykan asyl oýun bilen deňeşdirilende, täzelenen nus...
Samsung Galaxy S24 smartfonlarynyň aýratynlyklary mälim edildi
Internetde «Samsung» kompaniýasynyň «Galaxy S24» seriýasyna degişli yglan edilmedik flagman smartfonlarynyň ähli aýratynlyklaryny görkezýän resmi prezentasiýasy peýda boldy.
Şeýlelik bilen, «Galaxy S24» FHD+ durulygy we 2600 nite çenli ýagtylygy bolan 6,2 dýuýmlyk AMOLED ekran bilen üpjün ediler. «Galaxy S24+» bolsa QHD+ durulygy we şol dere...
Google Android-e batareýanyň saglyk görkezijisini goşar
Google Android-e batareýanyň saglyk görkezijisini birikdirmegi meýilleşdirýär. Bu täzelik Apple smartfonlarynda bar bolan aýratynlyga meňzeş ulanyjy tejribesini gowulandyrmakda möhüm ädim bolar. Şu wagta çenli Android enjamlarynyň eýeleri üçünji tarap programmalaryna ýüz tutmaly ýa-da enjamlarynyň batareýasynyň ýagdaýyny barlamak üçin ýörite buýruk...