Apple kompaniýasy 21-nji martda Şanhaýda Hytaýdaky iň uly ownuk söwda dükanyny açdy. Bu barada Xinhua agentligine salgylanyp, TASS habar berýär. Szinýan iş sebitinde ýerleşen täze dükan dünýäde Apple üçin ikinji uly dükan boldy. Onuň meýdany 20 000 inedördül metrden gowrak. Açylyş dabarasyna kompaniýanyň baş müdiri Tim Kuk gatnaşdy. Onuň hut özi ilkinji müşderileri garşylap, dükanyň işi bilen tanyşdy. Kompaniýa Şanhaýdaky flagman dükanynda 150-den gowrak işgäriň işlejekdigini habar berdi. Olar müşderiler bilen diňe bir putunhuada (HHR-iň döwlet dili) däl, eýsem ýurduň ähli künjeginden alyjylaryň öz ene dillerinde kömek alyp bilmegi üçin hytaý diliniň 25 şiwesinde gürleşip bilerler. Dükanyň işgärleri müşderilere iňlis, koreý, nemes, ispan we ýapon dilleri ýaly köp sanly daşary ýurt dillerinde hem hyzmat edip bilerler.