ABŞ-da Ikinji jahan urşunyň weterany 99 ýaşynda orta bilim hakynda şahadatnamasyny aldy diýip, Inside Edition neşiri ýazýar. Pensioner üçin 100-den gowrak adamyň gatnaşmagynda ýörite dabara geçirildi. Çarlz Berd 1943-nji ýylda Ikinji jahan urşy döwründe ABŞ-nyň goşunyna çagyrylanda 18 ýaşyndady. Şonda ol orta mekdebi tamamlamaga ýetişmedi we fronta gitdi. Diňe 2024-nji ýylda weteranlara orta bilim hakynda şahadatnamalaryny almaga kömek edýän ýörite maksatnamanyň esasynda şahadatnamasyny alyp bildi. Mekdepde geçirilen ýörite dabara ýüzlerçe adam gatnaşdy. Çarlz ýygnananlaryň güýçli el çarpyşmalary astynda şahadatnamasyny aldy we çäräni gurnan adamlara minnetdarlyk bildirdi. «2024-nji ýylda iň garry uçurym bolmak aýratyn bir zat. Indi men orta mekdebi çowlugym bilen bilelikde tamamladym» diýip, ol belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir