19-njy martda Brýusselde Türkmenistan DIM-iň başlygynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Belgiýa Patyşalygynyň Federal daşary işler, halkara söwda we hyzmatdaşlygyň ösüş gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. “Şu gün Türkmenistanyň wise-premýeri we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen men ikitaraplaýyn gepleşiklerimizi güýçlendirmäge gönükdirilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdik. Barha artýan durnuksyzlyk we düýpli global meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýan dünýäde öňe tarap umumy ýoly kesgitlemek möhümdir” – diýip, Belgiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ýerun Kurman X sosial ulgamynda ýazdy. Ähtnama şulary göz öňünde tutýar: - Yzygiderli we bir gezeklik maslahatlar; - Institusional özara gatnaşyk; - Maglumatlar bilen paýlaşmak. Bu çäreler ikitaraplaýyn gatnaşyklarda birnäçe meseleler boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir. Ähtnama gol çekilmegi özara hormata, ynama we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek islegine esaslanýan türkmen-belgiýa gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir