Ogaýo Döwlet uniwersitetiniň gözlegçileri gahary azaltmagyň iň täsirli usulyny tapmak üçin 10189 adamyň gatnaşmagynda 154 gözlegiň meta-derňewini geçirdiler. Netijeler fiziki işjeňligiň gaharyň güýjüni peseldýändigi baradaky giňden ýaýran ynamyň toslamadan gaýry zat däldigini görkezdi. Alymlar gyjynmany peseldýän çäreleriň (çuňňur dem almak, akylly-başly pikirlenmek, meditasiýa, ýoga) gahar-gazaby köşeşdirmekde täsirli bolýandygyna göz ýetirdiler. Clinical Psychology Review-de neşir edilen gözlegde joşguny artdyrýan çäreleriň (mysal üçin, boks haltasyny ýumruklamak, ylgamak, welosiped sürmek, suwda ýüzmek) gaharly adamy köşeşdirmeýändigi subut edilýär. Ylgamak, köplenç, gahary beter güýçlendirýär, bedenterbiýe we oýun elementleri bolsa diňe negatiw duýgulary zyýansyzlandyrýar we adamyň “ünsüni sowýar”. Alymlar fiziki gyjynmany kemeldýän zatlar bilen meşgullanmaga synanyşmagy maslahat berýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir