«Realyň» goragçysy Dawid Alaba Ispaniýanyň çempionatynda iň köp aýlyk alýan futbolçy diýlip ykrar edildi. Awstriýaly oýunçynyň, şeýle hem La Liganyň beýleki oýunçylarynyň gazanan girdejisi yglan edildi. Reýting abraýly fransuz neşiri L'Equipe tarapyndan düzüldi. Onuň maglumatlaryna görä, Alabanyň girdejisi aýda 1,88 million ýewro. Onuň yzyndan «Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski (1,87 million ýewro) gelýär. Sanawyň üçünji – altynjy orunlarynda birmeňzeş girdeji bilen Winisius Žunior we Jud Bellingem (ikisi hem «Real»), Ilkaý Gündogan («Barselona») hem-de Ýan Oblak («Atletiko») ýerleşýär. Olaryň hemmesiniň aýlygy 1,67 million ýewro.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir