Adampisint robotlar Mercedes-Benz awtoulag zawodlarynda işlemäge çagyrylar. Olar awtoulaglaryň ýygnalyşynyň hilini barlar we gurnama hatarlaryna ätiýaçlyk şaýlaryny getirerler. Apptronik amerikan kompaniýasynyň Apollon modelli adampisint robotlary 25 kilograma çenli agram göterip bilýär. Robotyň beýikligi 170 santimetr, agramy 73 kilogram. German awtoulag öndürijisiniň ýolbaşçylary robotlar «ygtybarly işçi tapmak kynlaşýan ugur bolan fiziki taýdan talap ediji, gaýtalanýan we ýadadýan işleri ýerine ýetirerler» diýip bellediler. Emma robotlar ähli işçileriň ýerini tutup bilmez. Zawodyň öndürýän awtoulaglary meseleleriň ähli kynçylyklaryny hem çözüp bilýän birinji derejeli işçileri talap edýär diýip, Mercedes-iň önümçilik boýunça direktory Ýorg Burser aýtdy. Mercedes-Benz önümçilikde kärhanalaryň işgärleri bilen adampisint robotlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy wagyz edýär. Umuman, Wengriýanyň awtoulag zawodlary adampisint robotlary işe almagyň zerur çärä öwrülendigini boýun alýarlar. Ykdysady ýagdaý sebäpli Wengriýanyň kärhanalarynyň köp işgäri Günbatar Ýewropa işlemäge gidýär. Mercedes-Benz-iň Wengriýadaky zawodlarynda Apollon adampisint robotlarynyň ulanylmagy awtoulag pudagynda akylly androidleriň ulanylmagynyň ilkinji hadysalarynyň biridir diýip, Financial Times ýazýar. Kompaniýanyň zawodynda düşürilen wideoda işçileriň biri täze kärdeşiniň mehaniki elini gysýar.