19-njy martda Brýusselde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝB-niň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary wekili Jozep Borreliň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň DIM-iň metbugat-gullugy habar berýär. Diplomatlar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berdiler. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda energetika, ulag, sanlylaşdyrma, bilim we howa ugurlary bellenildi. Taraplar ÝB – Türkmenistan Bilelikdäki komiteti, adam hukuklary boýunça dialog we parlamentara dialog ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan mehanizmleriniň ähmiýetini nygtadylar. Mundan başga-da, sebit howpsuzlygy boýunça pikir alşyldy. Raşid Meredow hemişelik bitaraplyk statusynyň ýörelgelerine esaslanyp Türkmenistanyň hökümetiniň bu ugurda alyp barýan tagallaryna we başlangyçlaryna ünsi çekdi. Şeýle-de, gepleşiklerde şu ýyl Türkmenistanda ÝB – MA görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyny guramak meselelerine garaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir