19-njy martda Brýusselde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Baş sekretary Ýan Sonders bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistan DIM-iň metbugat-gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar gümrük işi ugrundaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň BGG-niň bilim we hünär ýokarlandyryş maksatnamalaryna gatnaşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanynda BGG-niň sebitleýin okuw merkezini döretmek mümkinçiligine aýratyn üns berildi. Ýan Sonders Türkmenistanyň gümrük düzgünleşdirmesi babatdaky başlangyçlaryna we üstünliklerine ýokary baha berdi we ýurduň gümrük ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek üçin guramanyň zerur bolan goldawy we maslahatlary bermäge taýýardygyny aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir