Hytaýda tanyşdyrylan Chery brendiniň Exeed Exlantix ET elektrik krossoweri 15-nji aprelde ýerli dilerlerde peýda bolar. Bu barada carnewschina.com habar berýär. Awtoulagyň bahasy yglan edilmedi. Exlantix ET modeli doly göwrümli krossowerdir. Awtoulagyň uzynlygy 4955 mm, teker binýady 3000 mm. Awtoulagyň çyra bölümleriniň aşagynda LED panelleri oturdyldy, onda sürüji dürli şekilleri görkezip bilýär. Krossower gizlin gapy tutawaçlary, süýri rul çarhy we multimediýa ulgamy üçin giň merkezi ekran bilen üpjün edildi. Awtoulagyň ýolagçylaryň ýürek urşuna, gan basyşyna we beýleki görkezijilerine hakyky wagtda gözegçilik edip bilýän özboluşly saglyga gözegçilik ulgamynyň bardygy bellendi. Exlantix ET-iň dört görnüşli hereketlendirijili nusgasy bar. Ilkinji ikisi 252 ýa-da 313 at güýji bolan hereketlendirijili, yzky ýa-da öňki tekerleri hereketli nusgalardyr. Üçünji nusga umumy kuwwaty 480 at güýji bolan ähli tekerleri hereketli görnüşde hödürlenýär. Dördünji modifikasiýa 561 at güýji bolan hereketlendiriji bilen enjamlaşdyryldy. Ulagy bir zarýadda geçýän aralygy görnüşine baglylykda, 550 km-den 760 km aralygyndadyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir