Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli halkyny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutany Nowruzy "ynsanperwerligiň, agzybirligiň hem-de dost-doganlygyň baýramy" diýip atlandyrdy. "Gündogaryň meşhur akyldarlary Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Abu Reýhan Birunynyň, Omar Haýýamyň, Alyşir Nowaýynyň, Abdyrahman Jamynyň, Firdöwsiniň, Mahmyt Kaşgarlynyň we beýleki nusgawy şahyrlaryň eserlerinde Nowruz baýramynyň taryhy ähmiýeti çuňňur pähim-paýhas bilen beýan edilýär. "Goý, Nowruz baýramynda ýerine ýetirilýän joşgunly aýdym-sazlar agzybirligiň hem dost-doganlygyň owazyna öwrülip, hemişe belentden ýaňlansyn!" diýlip Gutlagda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir