Saud Arabystanynyň çägini ösdürmek agentligi Neom «Treym» atly täze syýahatçylyk taslamasyny hödürledi. Kompaniýanyň resmi web sahypasyndaky maglumata görä, myhmanhana Akaba aýlagynyň günorta kenaryndaky lagunyň girelgesiniň garşysynda ýerleşer. 250 otaga niýetlenen myhmanhana 450 metrlik asma howuz bilen birleşdirilen iki binadan ybarat bolar. Häzirki wagtda bu dünýädäki iň uzyn gurluşdyr. Myhmanlar üçin gaýykly sportdan we suwa çümmekden başga-da, fitnes hyzmatlary, spa bejergisi we restoranlar göz öňünde tutular.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir