Ata Watan
Alymlar aşa berk beton döretmek üçin kofe löderesini ulanmagy teklip etdiler
Önümçilik wagtynda düzümine kofe löderesi goşulsa, beton 30% berkleşýär. Bu önüm şeýle görnüşde ulanylsa, organiki galyndylary gaýtadan ulanmak meselesini çözüp, daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaldyp biler diýip, Melburnyň Şa tehnologiýa uniwersitetiniň (RMIT) alymlary aýtdy.
Dünýäde her ýyl 10 milliard kilogram kofe galyndylary emele gelýä...
BMW CES 2024-de iň täze awtoulag tehnologiýalaryny görkezer
IXBT.com-yň habaryna görä, Las-Wegasda Consumer Electronics Show (GES, Halkara sarp ediş elektronikasy sergisi) sergisinde BMW kompaniýasy akylly kabinalar, akylly sürmek ugrunda we beýleki ugurlarda soňky gazananlaryny görkezer.
Resmi beýanata görä, nemes awtoulag öndürijisi Amazon Alexa-nyň uly dil modeli tarapyndan üpjün edilýän emeli aň...
“Forbes” dünýäniň iň gymmat futbol klublarynyň reýtingini hödürledi
“Forbes” žurnaly dünýäniň iň gymmat futbol klublarynyň sanawyny hödürledi. Toparlara infrastrukturasy, düzümi we sport bazaryndaky täjirçilik ýagdaýy boýunça baha berildi. Bu barada championat.com habar berýär.
Şeýlelikde, birinji orny hünärmenler tarapyndan bahasy 5 mlrd 490 mln ýewro diýlip hasaplanan Madridiň “Realy” eýeledi. Ikinji orna...
Google-a bäsdeş - AI-li Perplexity onlaýn-gözleg ulgamy çykdy
Google 25 ýyldan gowrak wagt bäri onlaýn-gözleg ulgamlarynyň arasynda öňdebaryjy bolup gelýär. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda kompaniýanyň çynlakaý bäsdeşi bar - emeli aňly Perplexity gözleg ulgamy, çeşmelere baglanmakdan başga-da, jikme-jik tekst jogaplaryny berýär diýip, The Wall Street Journal-a salgylanýan Ferra habar berýär.
“Gözleg ul...
Tesla Günorta Koreýada satylan ähli elektrik ulaglaryny yzyna çagyrar
Amerikanyň Tesla kompaniýasynyň önümleriniň resmi taýdan hödürlenýän dürli ýurtlarynda kadalaşdyryjy edaralar, adybir elektrik ulaglarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kompaniýa programma üpjünçiligini täzeletjek bolýarlar. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan we Hytaýdan soň Günorta Koreýadaky düzgünleşdirijiler hem bortdaky programma ü...
Honor kuwwatly prosessory we 120 Gs ekrany bolan X50 GT smartfonyny anons etdi
Honor sekiz ýadroly Qualcomm Snapdragon 8+ Gen 1 prosessorly X50 GT smartfonyny anons etdi. Bu barada championat.com habar berýär. Gurluşyň bahasy 280 dollardan başlaýar. Ol iki reňkde satylýar: Magic Night Black (gara) we Silver Winged Ares (kümüşsöw).
Gajet 2652x1200 piksel durulykly 6,78 dýuým OLED displeýine eýe bolup, onuň iň ýokary ýag...
Täze Hyundai Creta-nyň resmi suratlary çap edildi
Hyundai täze Creta krossowerini 16-njy ýanwarda Hindistanda resmi taýdan satuwa çykarar, ýöne şereket eýýäm awtoulagyň suratlaryny çykardy we deslapky sargytlaryň kabul edilip başlanandygyny mälim etdi diýip, ixbt.com habar berýär.
Täze Creta täze Santa Fe-niň ruhunda “piksel” yşyklandyryş tehnologiýasyny alar. Krossower has agraslaşar we wa...
Dünýäde ilkinji bölekleýin ýürek transplantasiýasynyň üstünlikli geçendigi ykrar edildi
ABŞ-da Duke Health-iň lukmanlar topary tarapyndan ýerine ýetirilen dünýäde ilkinji bölekleýin ýürek transplantasiýasy üstünlikli hasaplandy. Klapanlar we arteriýalar göçürilen dokuma bilen bir wagtda ösýär diýip, Journal of the American Medical Association neşirinde habar berdi we bu operasiýany çagalaryň ýürek operasiýasynda möhüm ädim diýip atlan...
Hytaýda 100 km-e 4,2 l ýangyç sarp edýän iň täze Toyota Camry-nyň deslapky satuwy başlandy
Ýanwar aýynyň başynda dokuzynjy nesil GAC Toyota Camry-niň deslapky satuwy başlandy. 2,0 litrlik benzin hereketlendirijili ýangyç bilen işleýän görnüşi we bahasy 24 500 dollardan 28 000 dollar aralygynda.
Gibrid görnüşi 25 600 dollardan başlap 29 500 dollar aralygynda bolar, eltip beriş 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde başlar. 2,5 litrlik...
Wenesiýa barýan syýahatçylyk toparlarynyň sany çäklendiriler
Wenesiýanyň hökümeti ýolbelediň ugratmagynda gelýän syýahatçylyk toparlarynyň sanyny azaltmak baradaky karary tassyklady. Şäheriň taryhy ada böleginde, şeýle hem ýel berip çüýşe ýasaýan ezber ussalary bilen meşhur Murano adalarynda, tornagyşlary bilen tanalýan Buranoda we Wenesiýa esaslandyrylmazyndan ozal ýalpaklykda ilkinji ilatlaşan Torçello ad...
Ronaldu Maradona adyndaky baýraga mynasyp boldy
Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Kriştianu Ronaldu meşhur Diýego Maradonanyň adyny göterýän baýraga mynasyp boldy.
Hüjümçi 2023-nji senenama ýylynyň iň köp gol salan futbolçysy hökmünde bu baýragy alar. 38 ýaşly portugaliýaly jemi 54 pökgi geçirdi. Ondan soňky orunda hersi 52 pökgi bilen...
UFC-niň taryhynda iň çalt nokautyň eýesi Maswidal karýerasyna täzeden başlady
Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) amerikan söweşijisi Horhe Maswidal karýerasyna täzeden başlajakdygyny habar berdi.
2023-nji ýylyň aprelinde Maswidal yzly-yzyna dördünji gezek ýeňilenden soň karýerasyny tamamlady. Maýamide geçirilen «UFC 287» çempionatynda ol eminleriň biragyzdan karary bilen braziliýaly Gilbert Bernsden ýeňildi.
Ma...
Windows üçin klawiaturalarda AI kömekçisini işe girizmek üçin Copilot düwmesi peýda bolar
Microsoft kompaniýasy ulanyjylara bir gezek basmak bilen AI kömekçisi bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän, noutbuklar we Windows kompýuterleri üçin klawiaturalara täze Copilot düwmesini birikdirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi diýip, The Verge neşirine salgylanýan 3DNews habar berýär.
Kompaniýa soňky üç onýyllygyň içinde klawi...
Jud Bellingem CIES-iň garaýşy boýunça dünýäde iň gymmat futbolçy
Madridiň “Realynyň” angliýaly ýarym goragçysy Jud Bellingem Futbolda sport gözlegleriniň halkara merkeziniň (CIES Football Observatory) garaýşy boýunça iň gymmat futbolçylaryň reýtinginde birinji orny eýeledi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Patyşalyk klubunyň futbolçysynyň bahasy 267,5 mln ýewro barabar diýip, championat.com habar berýär.
Iki...
2023-nji ýylyň smartfonlarynyň berkligi boýunça reýting düzüldi
YouTube kanalynda meşhur bloger JerryRigEverything 2023-nji ýylyň iň berk we bejeriş işlerine ýaramly smartfonlaryny sanap geçdi.
Bejeriş işlerine iň ýaramly smartfon Fairphone 5 boldy. Bu smartfony bary-ýogy bir nurbady towlaýjynyň (otwýortka) kömegi bilen bejermek bolar. Çalyşmak üçin ähli toplumy düzüjileri öndürijiden satyn almak bolýar....
Toyota 2023-nji ýylda diňe Hytaýda 800 000-den gowrak awtoulag satdy
2023-nji ýylda FAW Toyota bilelikdäki kärhanasynda öndürilen Toyota awtoulaglarynyň bölek satuwy 800 018 birlik bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4,1% köpeldi.
FAW Toyota kompaniýasynyň wekilleri elektrikleşdirilen modelleriň 284 983 birlikdigini ýa-da, takmynan, 35,6 göterimdigini tassykladylar. Ýokary derejeli modelleriň 398 075 birlig...
Parižde Türkmenistanyň energetika ulgamy boýunça maýa goýum forumy geçiriler
24-25-nji aprelde Fransiýanyň Pariž şäherinde Türkmenistanyň energetika ulgamyna halkara maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler. Bu barada OGT-niň Metbugat gullugy habar berýär.
Bu halkara forumyň maksady Türkmenistanyň energiýa pudagynyň ähli ulgamlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we energiýa pudagynyň mundan...
Güni öwrenmek üçin sentýabrda uçurylan hindi kosmos stansiýasy barmaly nokadyna ýetdi
Hindistanyň Güni öwrenmek üçin niýetlenen kosmos obserwatoriýasy «Aditya-L1» şenbe güni Ýerden 1,5 million km uzaklykda ýerleşýän Lagranž L1 nokadynyň çäklerindäki galo-orbitasyna üstünlikli bardy diýip, interfax.ru Hindistanyň kosmos gözleg guramasyna (ISRO) salgylanyp habar berdi.
«Güni öwrenmek üçin uçurylan «Aditya-L1» obserwatoriýasy 20...
Volkswagen täze Scout wnedorožniginiň ilkinji görkeziljek senesini mälim etdi
Volkswagen kompaniýasy özüniň iň täze Scout wnedorožniginiň ilkinji görkezilişini bildiriş edýän wideony çap etdi. Ilkinji görkeziliş 2024-nji ýylyň tomsunda bolar diýip, IXBT.com habar berýär.
Wideoda täze model görkezilmeýär, onuň deregine International Harvester Scout-y - 1961-nji ýyldan 1980-nji ýyla çenli öndürilen we Jeep awtoulaglaryn...
Fidelity: X-iň bahasy (Twitter) Ilon Mask satyn alanyndan soň 71% pese gaçdy
X sosial ulgamy (şol wagt Twitter) Ilon Mask tarapyndan 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda satyn alnany bäri onuň bahasy 3,5 esse arzanlady. Şeýle baha Fidelity kompaniýasy tarapyndan berilýär diýip, IXBT.com habar berýär.
Blue Chip Growth Fund-yň X-da az paýyna eýe bolan kompaniýanyň habaryna görä, sosial ulgamyň bahasy Mask satyn almazdan öňki...
SpaceX smartfonlara göni birikdirilen ilkinji Starlink hemralaryny uçurar
SpaceX kompaniýasy öz Falcon 9 raketasynda 21 sany Starlink emeli hemrasynyň uçurylandygyny resmi taýdan habar berdi. Olaryň goýberilişi 2-nji ýanwarda Kaliforniýadaky Wandenberg kosmos güýçleri bazasyndan amala aşyryldy. Ol alty hemranyň öýjükli tora göni birikdiriliş (DTC) funksiýasynyň ilkinji çykyşy bilen dabaralandy.
IXBT.com Ilon Masky...
2023-nji ýylyň iň meşhur smaýllary aýdyldy
Emojipedia portalynyň baş redaktory Kit Broni 2023-nji ýylyň iň meşhur on sany smaýlynyň sanawyny çap etdi.
Hünärmeniň pikiriçe, ýurtda iň köp ulanylýan smaýllardan çen tutsaň, 2023-nji ýylyň esasy artykmaçlygy - oňynlyk birinji orunda durdy. Soňky 12 aýyň içinde iň köp ulanylan 10 smaýla gülüp gözi ýaşaran, gülüp kese ýykylan ýüzler we gyzy...
Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” filmi bäş “Altyn globusa” eýe boldy
Režissýor Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” terjimehal filmi “Iň gowy drama filmi” kategoriýasynda “Altyn globus” baýragyna eýe boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy “Altyn globusyň” saýtynda ýaýlyma berildi.
Bu kategoriýada “Oppengeýmerden” başga-da, Martin Skorsezeniň “Gül Aýynyň ganhorlary”, Bredli Kuperiň “Maestro”, Selin Sonyň “Geçen ömürle...
Angliýanyň Kubogynyň çäklerindäki duşuşykda tegelek gyzyl kart görkezildi
Angliýanyň Kubogynyň çäklerinde «Brentford» – «Wulwerhempton» toparlarynyň arasynda 1/32 final duşuşygynyň baş emini Toni Harrington tegelek gyzyl kart görkezdi. Duşuşygyň dokuzynjy minutynda «möjekleriň» portugaliýaly ýarymgoragçysy Žoao Gomes meýdançadan çykaryldy.
Azlykda oýnamak «möjekleriň» 1:1 hasabynda deňme-deň oýnamagyna päsgel berm...
Robert Dauni Kiçi ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi üçin “Altyn globusa” eýe boldy
Amerikaly aktýor Robert Dauni-Kiçi “Oppengeýmer” filminde ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi üçin “Altyn globus” baýragyna mynasyp boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy onuň saýtynda ýaýlyma berildi.
Şuňa meňzeş zenanlar kategoriýasynda “Altyn globusy” “Galdyrylanlar” (The Holdovers, 2023) filmindäki keşbi üçin Dawaýn Joý Rendolf aldy.
...