Diego Maradonanyň 1984-nji ýyldaky Ispaniýa kubogynyň finalynda — "Barselona" we Bilbaonyň "Atletik" toparlarynyň arasyndaky duşuşykda ýyrtylan futbolkasy auksionda 179 müň dollara (23% komissiýasy bilen birlikde) satyldy. Bu barada "Matchday Football Auctions" auksion öýi habar berdi. FInal duşuşygy Madridiň "Santýago Bernabeu" stadionynda geçip, "Atletigiň" 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy. Final duşuşygyndan soň meýdançada oýunçylaryň arasynda uly dawa-jenjel ýüze çykdy. Maradona bu jenjeliň esasy sebäpkärleriniň biri hökmünde görkezilip, oýunlardan üç aýlyk çetleşdirildi. Şondan gysga wagt soň, "Barselona" oýunçyny şol döwür üçin rekord baha bolan - 10,5 million dollara Italiýanyň "Napoli" klubuna satdy. "Matchday" neşiriniň berýän maglumatyna görä, ýyrtylan futbolkany geýim çalşylýan otagda katalon klubunyň kir ýuwujysy tapyp alypdyr. Ol bu futbolkany ýadygärlik hökmünde saklap, soňra ony dostuna sowgat beripdir, dosty bolsa ony ogluna miras goýupdyr. Aradan kyrk ýyl geçenden soň, gymmatly geýim auksiona çykaryldy. Satylmazyndan ozal futbolkanyň hakykylygy barlagdan geçirildi. Mahabat kampaniýasynyň çäginde "Barselonanyň" prezidenti Žoan Laporta hem bu futbolka bilen surata düşdi. Bu baha argentinaly futbolçynyň klub derejesindäki maýkalary üçin tölenen iň ýokary nyrhdyr. Ondan gymmat diňe Maradonanyň Argentinanyň milli ýygyndysynda geýen we meşhur "Asyryň goluny" geçiren futbolkasy has gymmat satylypdy — ol 2022-nji ýylda "Sotheby’s" auksionynda 9,28 million dollara satylypdy. Diego Maradona 2020-nji ýylyň noýabrynda 60 ýaşynda aradan çykdy. Ol karýerasynyň dowamynda "Barselona" we "Napoli" toparlaryndan başga-da, "Sewilýa", "Boka Huniors", "Nýuells Old Boýz" we "Arhentinos Huniors" ýaly klublarda çykyş etdi.