Hytaýda geçirilen synaglaryň barşynda köp tonnalyk elektromagnit dartyş güýji bilen işleýän wagon-platformany bary-ýogy iki sekundyň içinde 700 km/s tizlige çykarmak başartdy. CCTV-niň habar bermegine görä, bu görkeziji şeýle gurluşlar üçin dünýä rekordy boldy. Synag sürüşi 400 metr uzynlygyndaky ýöriteleşdirilen ýolda amala aşyryldy. Iň ýokary tizlik derejesine ýeteninden soň, platforma doly saklandy. Bu tehnologiýanyň işlenip düzülmegi bilen Hunan welaýatynyň Çanşa şäherinde ýerleşýän Goranmak ylmy-tehniki uniwersitetiniň hünärmenleri on ýyllap meşgullandylar. Inženerler relsiň ýüzi bilen göni galtaşman hereket etmek üçin magnit lewitasiýasy (maglev) ýörelgelerini ulandylar. Bu ulgamyň iş ýüzünde ulanylmagyna aşa ýokary tizlikli ulag magistrallaryny döretmek we kosmos pudagynyň zerurlyklary üçin garaşylýar. "Bu işläp taýýarlama elektromagnit dartyşly wakuum ulaglaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar we aerokosmos tehnikalaryny uçurmak hem-de synagdan geçirmek üçin täze usullary hödürleýär" — diýip, Hytaýyň Merkezi telewideniýesi belleýär.