2025-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 15-sini amala aşyrdy. Bu barada 25-nji dekabrda «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabarada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyşynda belledi. TDH-niň habar berşi ýaly, wise-premýer, daşary işler ministri çykyşynda örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan guralýan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň taryhynda, onuň döwletlilik ýörelgeleriniň, syýasy, ykdysady, durmuş ösüşiniň pugtalanmagynda möhüm tapgyr bolandygyny belledi. Ýylyň dowamynda Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäreleriň ýüzlerçesi geçirildi. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem-de özara saparlar işjeň dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda döwlet Baştutanynyň daşary ýurtlara döwlet, resmi we iş saparlarynyň 15-sini amala aşyrandygy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem 9 ýurtda saparda bolandygy, şol bir wagtda daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Türkmenistana saparlarynyň 31-siniň guralandygy aýdyldy. Munuň özi ýurt tarapyndan işjeň daşary syýasatyň alnyp barylýandygyna, Türkmenistanyň dünýäniň dürli döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleriniň iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär diýip, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow belledi.