Apple kompaniýasynyň akylly äýnekleriniň 2026-njy ýylyň ahyrynda tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Bloomberg-iň synçysy Mark Gurmanyň habar bermegine görä, enjamyň ilkinji wersiýasynda goşmaça hakykat (AR) funksiýalary bolmaz. Çeşmäniň maglumatyna görä, täze gurluş iPhone üçin akylly aksessuar hökmünde hyzmat eder, Siri sesli kömekçisi bolsa dolandyryşyň esasy guraly bolar. Äýnekleri geljek ýylyň ahyrynda tanyşdyrmak meýilleşdirilýär, emma satuwlaryň has gijräk başlamagy ähtimal. Apple-iň baş direktory Tim Kuk üçin günuzyn dakynyp bolýan ýeňil äýnekler taslamasy iň esasy ugurlaryň biridir. "Kuk bu taslamany kompaniýa üçin ileri tutulýan wezipä öwürdi we Meta kompaniýasyndan öňürti pudakda öňdebaryjy önümi hödürlemegi ýüregine düwdi" — diýip, Gurman belleýär. Onuň aýtmagyna görä, baş direktoryň esasy maksady — maglumatlary we şekilleri hakyky dünýäniň obýektleriniň üstüne ýerleşdirýän doly derejeli AR (goşmaça hakykat) äýneklerini döretmekdir. Apple Vision Pro-nyň satuw görkezijileriniň pesligine garamazdan, onuň visionOS programma üpjünçiligi geljekki önümler üçin tehniki binýat boldy. Hatda goşmaça hakykat funksiýasy bolmasa-da, Apple-iň ilkinji akylly äýnekleri diňe bir programma däl, eýsem geljekki AR enjamlarynyň apparat üpjünçiligi (hardware) barada hem ilkinji düşünjeleri berer.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir