S7 Airlines awiakompaniýasy Russiýanyň Nowosibirsk şäheri bilen Aşgabadyň arasynda göni uçar gatnawlaryny açýar. Awiakompaniýa täze ugur boýunça biletleriň satuwyna eýýämden başlady. Gatnawlar 2026-njy ýylyň 31-nji martynda başlar we hepdede bir gezek — sişenbe güni amala aşyrylar. Gatnawyň tertibi: Nowosibirsk — Aşgabat: Nowosibirsgiň "Tolmaçýowo" howa menzilinden sagat 00:55-de ugraýar we ýerli wagt bilen sagat 03:00-da Aşgabada gonýar. Uçuş wagty 4 sagat 5 minut. Aşgabat — Nowosibirsk: Yzyna uçuş hem sişenbe günleri sagat 04:30-da amala aşyrylar we Nowosibirsge sagat 10:15-de barar. Bu ugurda uçuş 3 sagat 45 minut dowam eder. Uçuşlarda Airbus A320 uçarlary ulanylar. Ýolagçylara bagaž daşamak, petegi çalyşmak we yzyna tabşyrmak şertlerine görä biri-birinden tapawutlanýan "Standart" we "Plýus" nyrhnamalary hödürlenýär. Şeýle hem, ýolagçylar goşmaça bagaž sargyt edip, salonda islendik ýeri saýlap we hyzmat derejesini ýokarlandyryp bilerler. Häzirki wagtda S7 Airlines Moskwa – Aşgabat ugry boýunça hem yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar. Gatnawlaryň tertibi we biletleriň nyrhlary baradaky has giňişleýin maglumaty awiakompaniýanyň resmi sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir