Türkmenistanyň demirgazygynda Daşoguz welaýat Adalat müdirligi üçin täze edara binasynyň gurluşygy dowam edýär. Gurulýan binanyň umumy meýdany bir gektardan gowrak diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Binanyň gurluşygyny «Röwşen» hususy kärhanasy alyp barýar. Häzirki wagtda üç gatly binanyň göwresi doly guruldy, ikinji we üçünji gatlaryň arasynda örtgülerde kerpiç örme işleri dowam edýär, ikinji hem üçünji gatlarda bolsa suwag işleri alnyp barylýar. Daşoguz welaýat Adalat müdirliginiň täze edara binasynda iş we mejlis otaglary ýerleşer. Şeýle hem onda naharhana, awtoulaglar üçin üsti ýapyk hem açyk awtoduralga we tehniki hyzmata niýetlenen desgalar bolar. Binanyň daş-töweregi abadanlaşdyrylar we bag ekiler. Binanyň gurluşygynda we bezeg işlerinde ýokary hilli döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanylýar. Daşoguz welaýat Adalat müdirliginiň haly göli şeklinde taslanyp gurlan döwrebap köpugurly bazaryň golaýynda ýerleşýän täze edara binasy, Daşoguz – Köneürgenç awtomobil ýolunyň ugrundaky dürli maksatly binalardan döredilýän binagärlik toplumynyň üstüni ýetirer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir