26-njy dekabrda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde çagalaryň gatnaşmagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan täze ýyly garşylamak mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Çagalaryň Aýazbaba we Garpamyk bilen bilelikdäki şatlykly çykyşlary, joşgunly tanslary bu ýerde guralan baýramçylyk çäresine özboluşly bezeg berdi. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabara oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Onda parahatçylyk we rowaçlyk baradaky päk arzuwlara uly orun berildi. Dabara gatnaşan ene-atalar ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi babatda döwlet derejesinde edilýän tagallalar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Dabarada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň adyndan ähli çagalary Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady we olara okuwlarynda üstünlikleri arzuw etdi. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşan çagalaryň hemmesine Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir