Amerikaly işewür Ilon Mask dünýäde emlägi 750 milliard dollara golaýlan ilkinji adam boldy. Bu barada «Forbes» neşiriniň indeksine salgylanýan «Reuters» agentligi habar berdi. Golaýda ABŞ-nyň Delawer ştatynyň Ýokary kazyýeti Maskyň 2024-nji ýylda ýatyrylan «Tesla» kompaniýasynyň 139 milliard dollarlyk paýnamalaryna eýeçiligini dikeltmek barada çözgüt çykarandan soňra, telekeçiniň emlägi artdy diýip, neşir ýazýar. Şeýle hem noýabrda «Teslanyň» paýnamaçylary Maska trillion dollar pul sylagyny bermek barada maksatnamany makulladylar, bu taryhda iň iri korporatiw töleg bukjasydyr.